22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çärede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etdi. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawy öz içine alýan geljegi döretmegiň ähmiýeti barada pikir alyşmak we Bütindünýä çagalar gününi dabaralandyrmak maksady bilen ýörite çäräniň guralandygyny belledi. Ol her ýylyň noýabrynda Bütindünýä çagalar gününiň bellenilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çagalaryň hukugy baradaky Jarnamany, Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etmeginiň Milletler Bileleşigi tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesiller barada uly alada edilýändigini alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi. Çärede şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi. D.Şlapaçenko Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi, olaryň hukuklarynyň doly derejede goralmagy bilen bagly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nygtady. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýady bolup durýar. BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnanyň çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramak boýunça halkara derejede kabul edilen birnäçe resminama goşulandygyna üns çekildi. Soňra Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen çärä gatnaşyjylar bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de tennis boýunça guralan ýaryşa tomaşa etdiler. Soňra bäsleşikleriň jemi jemlenip, oňa gatnaşan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýörite taýýarlanylan sowgatlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir