Aşgabatdaky dünýä çempionaty başlanmaka rekordy täzeledi

Ýylyň esasy sport wakalarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilmäge juda mynasyp Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň başlanmagyna barmak büküp sanaýmalyja günler galdy.
Çempionat heniz başlanmanka täze rekordyň eýesi boldy. Bu rekord oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň sany bilen baglydyr. Türkmenistanyň Kuraş federasiýasyndan berilýän magluma...

Dowamy »

264 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy Gonkongy Ruslan Mingazowyň goşa goly bilen ýeňip gelýär

Häzirki minutlarda futbol boýunça 2026-njy ýylda geçiriljek dünýä çempionatynyň Aziýa boýunça saýlama böleginiň «E» toparçasyndaky Gonkong ― Türkmenistan duşuşygy dowam edýär. Birinji ýarymdan soňra Türkmenistan 2:1 hasabynda öňde barýar.
Duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Ruslan Mingazow geçirdi. Gonkongyň ýeke-täk goluny Waý Wong geç...

Dowamy »

312 0
Sport, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Alymlar: milliarderleriň 1 göterimi howa taşlanýan kömürturşy gazynyň ýarysy üçin jogapkär

СО2-niň howa taşlanýan zyňyndylarynyň ýarsyndan gowragy dünýäniň iň baý adamlarynyň bir göterimine, ýagny 77 million adama degişlidir. Stokgolmyň daşky gurşawy institutynyň hünärmenleri şeýle netijä geldiler diýip, «Habar 24» ýazýar. Bu zyňyndylar geljek onýyllykda bir milliondan gowrak adamyň pida bolmagy üçin ýeterlikdir.
Eger ýurtlar boýu...

Dowamy »

215 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

7,4 müň türkmenistanly Özbegistana garyndaşyny görmäge bardy

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýurda garyndaşlaryny görmäge gelýän daşary ýurtly raýatlaryň sanyny mälim etdi. Oňa laýyklykda, hasabat döwründe jemi 4 million 652 müň sany daşary ýurtly agzalan maksat bilen Özbegistana barypdyr. Şonuň 7,4 müň sanysy Türkmenistanyň raýatlarydyr.

Dowamy »

220 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Rahmon: Russiýanyň we Täjigistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösýär

Russiýanyň we Täjigistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ýokary göterilişi başdan geçirýär. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sişenbede RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyk wagtynda aýtdy diýip, «Report.az» habar berýär.
Iki ýurduň döwlet Baştutanlary söwda-ykdysady we gumanitar ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň...

Dowamy »

209 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Balkan welaýatynda önüm bermeýän «gara altynly» guýular abatlanýar

Ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň welaýatdaky guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleri netijeli işleri amala aşyrýarlar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpl...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Awstriýada Mosartyň öýi satuwa çykarylýar

Nusgawy kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň (1756–1791) soňky ýaşan öýi «Sotheby's» söwdalaşyk öýi tarapyndan satuwa çykarylýar. Bu barada «New York Post» gazetine salgylanýan «Izwestiýa» habar berdi.
Gürrüň Awstriýanyň Zemmering şäheriniň etegindäki Stuppah taryhy gala barada barýar. 1130-njy ýylda gurlan bu dört gatly binada 50 sany otag b...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Merkezi Aziýanyň wekiliýeti Gruziýanyň durnukly energetika babatdaky üstünlikleri bilen tanyşdylar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň 16 sany ýokary derejeli hökümet işgärinden we energetika pudagynyň bilermenlerinden ybarat topar «Iş ýüzünde durnukly energetika: Gruziýanyň üstünlikleri we ÝB-niň iň gowy tejribeleri» mowzugy boýunça Gruziýa sapar bilen bardylar. Sapar Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) çakylygy boýunça guraldy diýip, «nCa» internet portaly habar...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Ygtyýarlylandyrylan ykdysady operator ulgamyny işe ornaşdyrmagyň meselesine bagyşlanan maslahat geçirildi

20-nji noýabrda golaýda kabul edilen «Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanundan gelip çykýan talaplar, girizilen täze kadalaryň ýurduň daşary söwdasyny ösdürmekdäki ähmiýeti barada pudagara maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda guraldy.

Maslahata...

Dowamy »

250 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda 2 milliard kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürildi

Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynda şu ýylyň geçen döwründe 1 milliard 989 million kilowat-sagatdan hem gowrak elektrik energiýasy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Munuň özi bellenilen meýilnamadan 23 million kilowat-sagatdan hem köp energiýa öndürilendigini aňladýar diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda belleniliş...

Dowamy »

245 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«Bossan Concept» dükanlarynda üsti garly Täze ýyl arçalaryna aksiýa yglan edildi

«Bossan Concept» dükanlar zynjyrynda üsti garly emeli Täze ýyl arçalaryna aksiýa yglan edildi. Baýramçylygyň esasy nyşanynyň bahalary 1250 manatdan başlaýar.
Aksiýa beýikligi 2,1-den 3 metr aralygynda bolan agaçlar degişlidir. Arçalar ýokary hilli materiallardan ýasalandyr, pürleri gür ýerleşýär we garlylyk täsirini döredýän emeli gar bilen...

Dowamy »

234 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Daşoguz welaýatyndaky ammarlarda gök we bakja ekin önümleri terligine saklanýar

«Daşoguzmiwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň döwrebap ammaryna welaýatyň daýhan birleşiklerinde, ençeme daýhan hojalyklarynda ýetişdirilen, şeýle-de aýry-aýry kärendeçiler tarapyndan öndürilen dürli miweleriň, gök we bakja ekin önümleriniň täze tapgyry gelip gowuşdy. Önüm öndürijiler bilen baglaşylan şertnamalar esasynda şu ýylyň 10 aýynda bu amm...

Dowamy »

227 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Bütin dünýäde şeker gymmatlady

Bütin dünýäde şekeriň nyrhy birdenkä gymmatlady diýip, «Habar 24» ýazýar. Muňa El-Ninýo hadysasy bilen bagly dünýäniň sebitleriniň birinde dowamly guraklyk, beýlekilerinde bolsa güýçli sil joşmalary sebäp boldy.
Tebigy betbagtçylyklar iri şeker öndüriji ýurtlar bolan Nigeriýany, Hindistany we Tailandy gurşap aldy.
Bu ýyl Hindistanda h...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda garagyş möwsümi başlandy

22-nji noýabrdan 7-nji dekabra çenli aralygy öz içine alýan bu möwsüm güýzüň öz ornuny gyşa berýän döwri bolansoň, howanyň duýdansyz üýtgemegi ýaly ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Bu ýyl akrabyň agzy aýazly bolsa-da, ol maýyl geldi diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.
Gyş paslynyň başlangyjy hasaplanýan garagyşda tebi...

Dowamy »

238 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanly mekdep okuwçysy IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşikde ýeňiji boldy

Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterbug şäherinde çagalar sazçylyk mekdepleriniň we çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda IX bütinrus ýerine ýetirijilik «Sazçylyk ýaryşy» atly bäsleşik geçirildi. Onda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Leýli Garýag...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistanda aýratyn hyzmatlar üçin şahsy pensiýa belleniler

Türkmenistanda ýurduň öňende bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýa bellemek maksady bilen, Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň hem-de olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri tarapyndan gol çekilen degişl...

Dowamy »

224 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Somalide 1,7 million adam silden ejir çekdi

Çabgalardyr sil joşmalary netijesinde Somalide 41 adam pida boldy, 1,7 milliondan gowrak adam ejir çekdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Güýçli çabgalar Somalide oktýabrda başlandy, netijede, 640 müň adam öýlerini terk etmäge mejbur boldy. Olaryň arasynda mergi we içgeçme kesellerinden ejir çekýänleriň artýandyg...

Dowamy »

223 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

«PETRONAS» Türkmenistanyň bütin çägi boýunça turbageçirijisini döretmek boýunça işjeň iş alyp barýar

«PETRONAS» Türkmenistanyň bütin çägi boýunça turbageçiriji döretmek boýunça işjeň işleýär. Muny «Petronas Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Ismadi Ismail, Bakuwda geçirilen SPE tehniki konferensiýasynda mälim etdi.

«PETRONAS» üpjünçilige bolan ýokary islegi kanagatlandyrmak üçin turbageçiri...

Dowamy »

216 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Aşgabatdaky «Ak Ýol» toý mekany 2024-nji ýylda durmuş toýuny ajaýyp senelerde bellemäge ýardam eder

Eger aşyklar birek-biregiň duýgularyna ynamdar bolsalar, onda toý gurmak üçin senäniň gowusy ýa erbedi bolmaz: olar öz söýgüsini haýsy günde äşgär etmek kararyna gelseler, olar üçin şondan gowy gün ýokdur. Emma köpler senelerdäki sanlaryň özboluşlylygyna aýratyn ähmiýet berýärler-de, toý senesini numerologiýa üns bermek bilen, owadan senelerde bell...

Dowamy »

233 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago

Türkmenistan DÇ-2026-nyň saýlamasynda myhmançylykda Gonkong bilen deň oýnady

Futbol boýunça DÇ-2026-nyň saýlamasynyň ikinji tapgyryndan orun alan duşuşykda Türkmenistan myhmançylykda Gonkongyň ýygyndysy bilen deň oýnady. «Gonkong» stadionynda geçirilen oýun 2:2 hasabynda tamamlandy.

Türkmen ýygyndysynyň düzüminde Ruslan Mingazow iki gezek (4-nji we 36-njy minutda) tapawutlandy. Ýer eýeleri oýnuň dowamynda iki...

Dowamy »

244 0
Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago