Ýaponiýanyň Toyota awtoöndürijisi awtoulaglaryň önümçilik möçberi boýunça täze rekord goýdy: 2023-nji ýylyň 11 aýynda 9,23 mln awtoulag öndürildi. 2019-njy ýylda goýlan öňki rekord görkezijisi 180 müň birlik ýokarlandy. Bu barada ixbt.com habar berýär. Rekord diňe bir 11 aýda däl, eýsem soňky aýda-da hasaba alyndy. Diňe noýabr aýynda Toyota 926,5 müň awtomobil öndürdi, bu bolsa geçen aýlaryň görkezijilerinden ýokarydyr. Ýatlap geçsek, noýabr aýynda Toyota-nyň 300 mln awtomobil möçberinde umumy global önümçilige ýetendigi habar berildi. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, 180,52 mln awtomobiliň ýurduň içinde we 119,6 mln awtomobiliň daşary ýurtlarda öndürilendigi bellenildi. Iň köp öndürilen model Corolla: 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, bu modelden jemi 53,399 mln birlik çykaryldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir