3-nji ýanwarda Ýer Güne iň ýakyn nokadyna barar, şonuň üçin hem Günüň görünýän diametri ýylyň dowamynda aňrybaş uly bolar. Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugynyň TASS-a beren habaryna görä, Günüň diski iýul aýynyň başyndakysyndan 3% uly görner. Şol gün planetalaryň arasyndaky aralyk 147 098 988 km (0,983296 AU) bolar. "2024-nji ýylyň 3-nji ýanwary, çarşenbe güni, Aşgabat wagty bilen sagat 05:38-de Ýer perigeliýde - orbitasynyň Güne iň ýakyn nokadynda bolar. Şol gün Günüň görünýän diametri ýylyň dowamynda iň ulusy bolar . <...> Asman ýagtylgyjynyň tegelegi, bu aralyk iň uzak bolan iýul aýynyň başyndakysyna garanyňda 3% uly görner "- diýip astronomlar takyklaýarlar. Ýer Günüň daşyndan elliptik orbita boýunça ortaça 29,765 km/s tizlikde aýlanýar. Ol 365 gün, 6 sagat, 9 minut, 10 sekuntda doly aýlawy tamamlaýar. Planetamyzyň orbitasyndaky Güne iň ýakyn nokada perigeliý diýilýär we Ýer ondan ýanwar aýynda geçip gidýär. Häzirki wagtda bu kosmiki jisimleriň arasyndaky aralyk gysgalýar we 147 million km-den gowrak bolýar. Şol bir wagtyň özünde, iýul aýynyň başynda Ýer orbitasynyň Günden iň uzakdaky nokadyna - afeliýä ýetýär. Şol wagt olaryň arasyndaky aralyk 152 million km-den geçýär. "Günüň diametri burç graduslarynda ölçelýär. Afeliý we perigeliý pursatlarynda Gün diskiniň diametrleriniň arasyndaky tapawut görer göze bildirmeýär, sebäbi Gün diskiniň ululygy alty aýyň dowamynda haýallyk bilen birsydyrgyn üýtgeýär. Ýöne, olary deňeşdirip görseň, 3-nji ýanwarda 3% uly görünýär "- diýip planetariýada düşündirdiler.