Teýlor Swift «1989» plastinkasy bilen (Taylor's Version) yzygider dördünji hepde Billboard 200 albom sanawynda birinji orny eýeledi. Bu barada Daily Mail habar berýär. 12 gezek «Gremmi» baýragynyň ýeňijisi bolan aýdymçynyň üç albomy Billboard diagrammasynda ilkinji onluga girdi: Midnights plastinkasy - üçünji, Lover bolsa ýedinji ýerde. Umuman alanyňda, Swiftiň albomlary diagrammada 67 gezek birinji ýeri eýeledi. Ýekebara aýdymçylaryň arasynda diagrammanyň başyny şonça gezek çeken diňe Elwis Preslidir. Indi ýerine ýetirijiniň Beatlesden hem öňe geçmek üçin ähli mümkinçiligi bar – iňlis rok topary birnäçe hepdeläp Billboarduň başynda bolmakda rekord eýesi hasaplanýar. Ady rowaýata öwrülen aýdym-saz topary 132 hepdäniň dowamynda sanawda birinji orunda durýar. Ondan biraz öň Teýlor Swift Time žurnalynyň wersiýasy boýunça ýylyň şahsyýeti boldy. Ol reýtingde Wladimir Putinden, Hytaýyň prezidenti Si Szinpinden we Barbiden öňe geçdi. 2022-nji ýylyň güýzünde aýdymçynyň Midnights atly albomy Spotify akym hyzmatynyň taryhynda bir günde iň köp diňlenen albom boldy - 185 million gezekden gowrak diňlendi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir