«Transfermarkt» portaly Ispaniýanyň «Real Madrid» toparynyň ýarymgoragçysy Jud Bellingemi, «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holandy we Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappeni dünýäniň iň gymmat futbolçylary hökmünde saýlady. Bellingemiň, Holandyň we Mbappeniň hersiniň bahasy 180 million ýewro deňdir. Dördünji orny «Real Madridiň» hüjümçisi Winisius Junior eýeleýär, onuň bahasy 150 million ýewro deň hasaplanýar. 120 million ýewro bilen bäşinji orny angliýaly futbolçy Bukaýo Saka eýeledi.

Sport, Ata Watan tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir