Hyundai kompaniýasy öň konsept-karda görkezilen wodorod-elektrikli güýç gurluşy bolan awtoulag N Vision 74-iň çäkli nusgasyny çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Koreýanyň ETNews neşiri habar berdi. Awtoulag retro kupe görnüşinde ýasaldy hem-de iki elektrik hereketlendirijisinden we wodorod hereketlendirijisinden ybarat elektrik gurluşy bilen herekete getirilýär. Ilkibaşda awtoulagyň kuwwaty 670 at güýjüne deň diýlip habar berlipdi, ýöne Hyundai-yň inženerleri ony 800 at güýjüne ýetirmegi başardylar. Hyundai N Vision 74 çäkli - 100 birlik nusgada önümçilige çykarylar, olaryň diňe 70-si bazara çykar, galan 30-sy ýaryş üçin niýetlenendir. Haýsy ýaryşlardygy entek takyk belli däl. Ulagyň önümçiliginiň 2026-njy ýyldan soň başlamagyna garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir