Gonkongda gapylary iki tarapa açylýan kupe görnüşli «Skyworth Skyhome» ulagy tanyşdyryldy. Model köpçülikleýin önümçilige 90% taýýar. Ol ýüzi we barmak yzyny tanamak ulgamy ornaşdyrylan iki tarapa açylýan gapylar bilen enjamlaşdyrylandyr. Awtoulagda 21 dinamikli ses ulgamy, öňdäki panelde bolsa media ulgamynyň ekranyny we gurallar toplumyny özünde jemleýän displeý ýerleşdirilipdir. Yzky hatardaky ýolagçylar üçin gorizontal ýagdaýa getirilip bilinýän aýratyn oturgyçlar göz öňünde tutulypdyr. Ýolagçylara wideo görmek üçin aýratyn ekranlar we aýaklar üçin massaž aýratynlygy elýeterlidir. «Skyworth Skyhome» ulagynyň hereketlendiriji ulgamynda onuň tizligini noldan 100 km/sagada 3,5 sekuntda ýetirmäge ukyply iki sany elektromotor ýerleşdirildi. Olaryň jemi kuwwaty – 617 at güýji. Hereket ätiýaçlygy bolsa 490 km. Ortaky sütünleriniň ýoklugy kuzowyň ýeterlik derejede berk däldigi barada pikirlendirýär, ýöne munuň prototipdigini bellemek gerek. Bu çözgüdiň 2024-nji ýylda öndürilip başlanjak köpçülikleýin modeline giriziljekdigi ýa-da girizilmejekdigi heniz belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir