Amerikan tehnologiýa ägirdi bolan «Apple» iri habar beriş serişdeleri we neşirýatlar bilen emeli aň ulgamyny ösdürmek üçin olaryň arhiwlerinden peýdalanmak hakynda rugsat sorap, gepleşiklere başlady. Bu barada «The New York Times» habar berdi. Bellenilmegine görä, tehnologiýa ägirdi habar makalalarynyň arhiwine ygtyýarnama almak üçin azyndan 50 million dollarlyk köp ýyllyk şertnamalar baglaşdy. Kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda hepdelik «The New Yorker» neşiri, «NBC News» teleýaýlymy, «The Daily Beast» habarlar neşiri we beýleki iri maglumat platformalary bar. «Apple» korporasiýanyň täzelikler pudagynda generatiw emeli aňy nähili ulanjakdygyny anyk düşündirmedi. «iPhone» smartfonlarynda we «iPad-lerinde» täzelikleri okaýan köp sanly ulanyjylary göz öňünde tutsak, bu uly bäsdeşlik töwekgelçiligini döredýär. «The New York Times» gazeti «Apple» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň soňky ýyllarda generatiw emeli aňyň önümlerini döretmek we beýleki emeli aň tehnologiýasyny işläp düzüjileriniň eýýäm ýüzbe-ýüz bolan awtorlyk hukugy baradaky kynçylyklardan gaça durmak üçin maglumatlary nädip ýygnamalydygyny ara alyp maslahatlaşýandyklaryny bellediler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir