Aýdymçy Şakiranyň dogduk şäheri bolan Kolumbiýanyň Barrankilýasynda onuň hormatyna ýadygärlik heýkeli açyldy. Dabaradan wideony şäher häkimi Haýme Pumahero Haýns Instagram-da ýerleşdirdi diýip, rbc.ru habar berýär. Şakiranyň heýkeliniň obrazy onuň Hips Don’t Lie aýdymy üçin 2005-nji ýyldaky klibine esaslanýar. Heýkeliň beýikligi 6,5 m bolup, ol bürünçden we alýuminden ýasaldy. Onuň awtory ýerli suratkeş Ino Markes boldy. Şakira, öz gezeginde, Instagram-da “Bu meniň halkymyň ägirt uly çeper zehininiň mysaly” diýip ýazmak bilen, Kolumbiýanyň ýaşaýjylaryna minnetdarlyk bildirdi. Aýdymçy Kolumbiýany öz döredijiliginiň ylham çeşmesi diýip atlandyrdy. Heýkeliň açylyş dabarasyna Şakiranyň ene-atasy hem gatnaşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir