Hytaýda täze uly «Aito M9» krossoweriniň satuwy başlandy. Onuň bahasy 469,8 müň ýuandan başlaýar (takmynan, 40 müň dollar). «Aito M9-yň» uzynlygy 5230 mm, teker bazasy 3110 mm. Krossower gibrid we doly elektrikleşdirilen görnüşlerde elýeterlidir. Birinji ýagdaýda güýç ulgamy 1,5 litrlik turbomotordan (152 at güýji) we iki sany elektrik hereketlendirijisinden (224 we 152 at güýji) ybaratdyr; awtoulag elektrik energiýasy bilen 175 km aralygy geçip biler. Ikinjisinde, krossower her okda bir elektrik hereketlendirijisini aldy, güýç ulgamynyň umumy kuwwaty 530 at güýjüne deňdir, geçýän iň uzak aralygy bolsa 630 km. Ulag adaptiw LED çyralar, töwerekleýin synlama kameralary, panoramik üçek, massaž we howa çalşygy funksiýalary bolan oturgyçlar, 22 dýuýmlyk teker diskleri we beýleki aýratynlyklar bilen üpjün edildi. «Aito» awtoulag kompaniýasy Hytaýyň IT ägirdi bolan «Huawei» kompaniýasyna degişlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir