aynash
Ayak yzlary...
bir adam bir gije duysh gorupdir.uzyn chageli yodada dosty bn yorap baryamysh.olar yoredigiche onglerinden oz durmushyndan sahnalar chykyarmysh.goya diyersing shol chageli yoda onung durmush yolumyshyn.gumdaky galyan iki jubut ayak yzy adamyng unsuni chekipdir.bir jubuti ozuningki beylekisi bolsa dostunyngky.durmushunyng ing songky sahnasy hem goz...
Friendship, gutlayan!
Salam agzalar! Sag-gurgunjamysynyz?
Kop wagtdan bari tema-da achammok. Yone bu gun achmasam bolmaz!
Sebabi bu gun kursdashymyn - gruppadashymyn talyplar saytyna agza bolanyna layyk 1 boldy. Ol agzamyzam, friendship.
Sapa, agzalygyn 1 yyllygy bilen tuys yuregimden gutlayan! Goy mundan beylagem ylhamyn joshup, saytda taze-taze te...
Agzalara kichirak sorag???
bagt...aslynda,bagt diymek nameka?her kim her hili yagdaylarda,her hili pursatlarda ozuni bagtly duyup biler,ya-da tersine,her hili pursatda ozuni bagtsyz duyup biler.mening size berjek soragym"bagt"sozune nahili garayangyz,o soz name many angladyar????hem-de kim ozuni nahili yagdayda,nirede we name uchin,yagny name sebapden bagtly duyyar???agzalar...
"gelniming gowni galandan..."
salam,dostlar,joralar!bu temamda yazyjy-shahyrymyz gurbangeldi miralyyeving dinge "g" harpdan duzelen hekayalarynyng biri "gelniming gowni galanyndan..."diyen hekayasyny siz bn paylashmak isledim.onung bashgada birnache "g"harpdan bashlayan sozlerden duzulen "gongshyngy gozgasang gocher","garabasma",garashsyzlygyng gymmaty","galpyng gazany gaynamaz...
Goni gelen keyiging iki gozunden bashga ayby yok.
Göçme manysynda köplenç adamlar arasyndaky gatnaşyklar babatda ulanylýan
bu aýtgynyň asylky manysy barada awçy Akmämmet aga şeýle gürrüň
bererdi:
— Kä ýylyň gyşy gaty agyr gelýár. Dünyáni gar basyp, erär ýerde eränok.
şeýle doňaklyk uzaga çekse, keýik gäleleri gaçybatalga edinen
çagatlygynyň (çagat diý...
Chare tapmak
Garry bir ýaşuly pensiýa çykyar we özine mekdebiň ýanynda kiçiräk öý satyn alyar. İlki günler wagtyny oňat geçiryar ýöne soňra okuw başlansoň okuwdan çykan çagalar ýoldan her geçenlerinde ýoldaky musur bedreleri depişdirip ala-galmagal edip ýaşula maza bermeyarler.
Bu dynywsyz gohlar günlerçe dowam edyar we ýaşuly öziçe munyň çaresini gözlä...
Adamkarchiliging yok yerinde...
Synp okuwçylaryň goh-galmagaly bilen doludy. Şol wagt gaharjaň sypatly mugallym gapynyň ýanynda göründi. Synpa göz aýlap, tagtanyň öňüne geçdi.
Hek bilen tagta ullakan “1” sanyny ýazdy.
- Serediň, diýdi.
“Bu – adamkärçilik. Dünýäde eýe bolup biljek iň möhüm zadymyzdyr...
Soňra 1-iň ýanyna “0”...
Hekaya
Öýüň gapysy kakylanda garryja aýal tapdan gaçan aýaklary bilen
assajyk ýöräp, gapyny açdy.
Görse, şehit bolan oglunyň gullukdaş dostlary gelen eken.
Saglyk-amanlyk soraşylandan soň gelen ýigitleriň uzyn boýlusy şeýle diýdi:
- Daýzajan, biziň kän wagtymyz ýok, birki sagatlyk rugsat alyp
gaýtdyk. Aýak üstünden...
Hytay halk ertekisi
ÇAGA WE PÄHIMDAR
Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda bir pähimdar adam bar eken. Halk tarapyndan sylanýan pähimdar örän paýhasly eken. Güneşli günleriň birinde pähimdar paýtunyna münüp, ýola düşenmiş.
Pähimdar oýlanyp gidip barýarka onuň paýtuny birden duranmyş. Pähimdar paýtundan başyny egip seretse, ýoluň ortarasy...
Turkmenler we ak rengk ya-da ak gelinden ak dermana we ak tama chenli...
Ak reňk düýn bu gün türkmeniň ulanyp gelýän reňki bolsa gerek. Ak reňki düýnki türkmen şowlulyga, üstünlige ýorar, bu günki türkmen bolsa ...
Geliň, taryh yzygiderligine görä düýnki türkmeni düşüneliň... Türkmende iň gyzgalaňly zat näme, elbetde TOÝ. Düýnki türkmen ýigit AK atyň üstünde barýarka AK gyza ogryn garamagy netijesinde ýür...
Lukmanyng doreyshi hakynda erteki
Yurdun patyshasy duysh goryar. Duyshunde onun gulagyna “Her gun pylan yerdaki guya bir sacak corek okla” diyen owaz eshidilyardi. Ol tisginip oyanyar we sargydy berjay etmegin ugruna cykyar Aradan ep esli wagt gecyar/ Bir gun ol “Her gun guya bir sacak corek oklandyryn Gel shol guya girip goreyin getiryan coreklarim nama yal bolyaka.” Diyen netija...
Bu durmushda...
Bazarçy türkmen daýzasy
Öten agşam duralgada durun welin, ýanlary giden goşly üçden, dörtden daýzalar bazardan çykyp, duralga gelýärler. Ýüzleri tamdyra tutulan ýaly dym-gyzyl. Hat-da dym-gyzyldanam geçip, bir hili garagoňras öwüsýär. Megerem bazaryň mydama öwsüp duran sowuk ýeli olaryň ýüzüni şeýle reňk bilen reňkländir?! Şonda-da k...
Kerim gurbannepesowyng shygyrlar chemeninden...
Ömrüme pent
Shahiyr! Shahiyrligiñ chin bolyan bolsa,
sönüp-yanip, yene sönüp-yanip git.
Insanlik yargidiñ chüñ bolyan bolsa
gara yere chümüp, chikip, chümüp git.
Hem akil ber, hem iyliñden akil al,
kitapdan däl, gara yerden nakil al,
Alan zadiñ demiñ bilen yakip al,
Hem y...
Hem turkmen,hem turk!!!
Şejeräm Oguzdan, tijim sap Türkmen,
Demir donly Görogly ýigidim kyrk meñ,
Nyşanym bellidir, algyr bürgüt men,
Bir kökden gelýändir hem Türk, hem Türkmen.
Azadynyñ wagyzlaryna berk men,
Pyragynyñ akyl gämisine gark men,
Goýupdyr adymy atam Gorkut meñ,
Bir kökden gelýändir hem Türk, hem T...
Hekaya
" Meret aganyn maşgalasynda 4 adam bar; ogly, onun gelini we agtyjagy Myrat.Meret aga gaty garrapdy we nahar iyen wagty dökman iyip bilenokdy. Öyün gelni muny hiç halamayardy, naçe gezek adamsyna aydypdy "ayry nahar iyeli "diyip. Nahardan son ar-ayal gürleşdiler, karar aldylar. ertesi gün bazara giden de atalary üçinem bir legen alyp geljeklerdi. H...
Soyguli shahyrymyz gurbannazar ezizowyng "tabyt"hekayasy
Meniň atam bardy, atamyňam tabydy. Onuň haçan, nähili sebäplere görä tabyt ýasadanyny bilemok, ýöne men atamyň tabydynyň bardygyny bilýärdim. Tut agajyndan ýasalan şol berdaşly tabyt biziň ýerzeminimizde saklanýardy. Gijeler beýlede dursun, hatda gündiziň günortanlary hem ýerzemine girmek miýesser gelende, ýok zatlar ýadyma düşüp, depe saçym üýşýär...
Ena yazylan hat!!!
Jygyldykda giden märekä siňip giden kakama garaşyp, töweregimi synlap otyryn. Güýmeneýin diýip alan çigidim gutaryp barýardy. Guýguç edilip, çigit dolanan kagyza seretsem, onda bir goşgy bar eken. Göwünli-göwünsiz okan boldum. Emma okadygymça, sen göz öňüme gelip barýaň. Ol goşgyny maňa okasyn diýip, edil sen iberen ýaly. Ýogsa şeýle goşgy...
Ayak yzlary
Bir gün gije bir adam düýş görüpdir. Ol düýşünde Reb bilen bile kenaryň ýakasynda aýlanyp ýörmüş. Asmanda onuň durmuşynyň görnüşi şöhlelenipdir. Her bir görnüşde ol çägede iki dürli aýak yzlaryny görüpdir. Olaryň biri Rebbe, beýlekisi özüne degişlidi. Durmuşyndan alnan soňky görnüş huzurynda şöhlenende, ol aýak yzlaryna nazaryny dikipdir we öz durm...
Magtymguly atamyzyng dur-hazynalaryndan:"yeter sen"goshgusy
Gelen geçer, gonan göçer, adamzat,
Ýöri, sen hem bir menzile ýeter sen.
Ýalançyda ýegdir galsa ýagşy at,
Bu dünýäge gelmiş bolsaň, öter sen.
Gapyl adam ýada salsa asylyn,
Pelek goýmuş ajal atly masylyn,
Gelen-geçse, eken-biçsa hasylyn,
...
Soygi
“Biz Hudaýyň özümize bolan söýgüsine düşündik, oňa ynandyk. Hudaý söýgüdir, kim söýgüde galýan bolsa, ol Hudaýda, Hudaý hem onda galýandyr…”
“Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbaldyryn. Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlar...
Ejemjan,meni bagyshla!!!
Ejeming bir gozi bardy,ony yigrenerdim….Chunki meni diyseng utandyrardy.Mashgalamyzy dolandyrmak uchin mekdebimizing naharhanasynda ishleyardi.Okuw dowrunde bir gun ejem meni sorap klasa gelipdi.Yering teyine giripdim,muny ejem manga nadip dozupdi?!Ejeme ser salman yuzumi yela sowup gachypdym.Ertesi gun okuwda bir klasdashym:”Sening ejeng yeke gozi...
Kyn gunungde dogan yetisher dadynga!!!
Men ol günler deň-duşlarym bilen öz oýnamaly oýunlarymy oýnap ýetişip bilmez bir gara gündedim. Deň-duşlar bilen bäsleşilip, basdaşlyk edilip oýnalýanyndan bolsa gerek, oýunlar bolsa şonda bir-birinden hezildiler. Aşyk utmalydym. Düýn Töre meniň telim gün daşa süýkäp-ýylmap, gyýpy eden gowy görýän gyzyl aşygymy utup alypdy.
Enem öýüň...
Mekdep yyllarymyz yenede gaytalansady!!!
bu gun univerden oye dolanyp gelip,internede giremde joram:"aynam,gechen yylyng shu guni yadynga dushyarmi?!"diyip yatlatdy.gechen yyl biz "uchurym"bolupdyk.24-nji may guni bolsa gutardysh dabaramyza uly howes bn tayynlyk gorupdik.gutardysh dabaramyz gaty gyzykly bolupdy,okuwy gutaryanymyza bir tarapdan begenyardik emma ak mekdebimiz bn ayrylyshmal...
K.gurbannepesowyng "bagulli yigit"shygry
“Bägülli ýigit”
Bazardan gelýärin. Elimde sebet,
Sebedimiň içi – pamidor, kelem,
Kartoşka, badamjan.. Duralga çenli
Gurady aýaklam
Guruşdy ellem.
Şonda-da dyrjaşyp bar güýjim bilen
Bazardan çykýan-da duralga ýetýän.
Duralgaň öň ýanda – kijijik dukan,
Kiçijigem bolsa – iç...
Kerim gurbannepesowyng omri barada gysgacha maglumat.
Kerim Gurbannepesow
XX asyryň ikinji ýarymynda türkmen edebiýatynyň döredijilik meýdanyna gelenleriň arasynda şygyr senediniň halky dili, çeperligi we baýlygy bilen mynasyp yz galdyranlaryň biri-de Kerim şahyrdyr.
Ol Gökdepe etrabynyň Ýylgynly obasynda dünýä inýär. Watançylyk urşy ýyllarynda olaryň maşgalasy Tejene göç...