Synp okuwçylaryň goh-galmagaly bilen doludy. Şol wagt gaharjaň sypatly mugallym gapynyň ýanynda göründi. Synpa göz aýlap, tagtanyň öňüne geçdi. Hek bilen tagta ullakan “1” sanyny ýazdy. - Serediň, diýdi. “Bu – adamkärçilik. Dünýäde eýe bolup biljek iň möhüm zadymyzdyr... Soňra 1-iň ýanyna “0” sanyny ýäzdy we: - Bu üstünlikdir. Üstünlikli bir adamkärçilik 1-den 10 ýasar. Ýene-de bir 0... - Bu tejribedir. 10-dan 100 ýasar. Nollar şeýdip uzap gidýär: zehin, tertip-düzgün, söýgi... Goşulýan her täze 0-uň adamkärçiligi 10 esse baýlaşdyrýandygyny düşündirdi mugallym... Soňra eline bozguç alyp, iň başdaky 1-i aýyrdy. Yzda bir setir 0 galdy. Iň soňunda mugallym bolup geçen zatlaryň manysyny aýtdy: -Adamkärçiligiňiz bolmasa, beýlekiler hiç zatdyr. Synp duýduryşy alyp, ümsüm bolup oturdy.
Adamkarchiliging yok yerinde...
-
magnit
13 years ago
- aynash tuweleme! Sonky döwúr zehiniñ gaynaya senem, molodcina :-)))
-
Yegen
13 years ago
- Many! Aynash dayza, sen yazyan yazgylaryna sozum yogay, 100% sadaja dushundirdin shuna!
-
vesna87
13 years ago
- aynash tuweleme sen zehinlije.
-
samat
13 years ago
- adamkarçiligem gazanylyan zat.çaga doganda tamiz dogyar.şol mugallym şony beyleki mollumlara aytmaly ekennn!!!
-
Gacgak
13 years ago
- dogry zat onem okapdym byr yerde
-
idealman
13 years ago
- adamkarchilik diyip men nama dushunyan?
-sen nache uly adam bolsanam,ozuni pespal alyp barmak,adamlary sylamak we s.m
aynash,sag bol hekayan uchin!sen gezip yoren hekayaly sandyjaklay)))
garypjan 13 years ago- gowy dushundiripdir. Sagbol paylashanyng ucin aynash