Ak reňk düýn bu gün türkmeniň ulanyp gelýän reňki bolsa gerek. Ak reňki düýnki türkmen şowlulyga, üstünlige ýorar, bu günki türkmen bolsa ... Geliň, taryh yzygiderligine görä düýnki türkmeni düşüneliň... Türkmende iň gyzgalaňly zat näme, elbetde TOÝ. Düýnki türkmen ýigit AK atyň üstünde barýarka AK gyza ogryn garamagy netijesinde ýüreginde bir heýjan duýar we bu heýjan olary toýa dogry alyp gider. Oglanyň ahyry sözi alynar we gudaçylyk ýeri mälim bolar. Gudaçylyga ýola düşenlere öýde galanlar "Baryň onda, ýoluňyz AK bolsun!" diýer. Sawçylar hem ak renkiň şowlulygyna az ynanýan däldýrler, tizden-tiz gabaklara AK PAMYK goýarlar, näme üçin?! Jogaby örän aňsat, AK ZAT alnyňa diýipdirler. Ynanyşy dek hem bolar düýnki türkmeniň we gelini AK KEJEBEde AK ÖÝe getirerler. Toý gyzyşar we toý soňlarynda AK renke şowlulyk möhrüni basan düýnki türkmen, ynanylmaz bir nesihat berer "AK-gök GEÝDIRME", görlüp oturylsa gelniňi gözden-dilden goralmasyny arzuw eder eken. Toý gutaranynda bolsa hemmä sagbolsun aýdyp ýaşlaryň gulagyna hoş ýakaýjak jadyly sözleri hem unutmaz düýnki türkmen, "AK GYZ ýoldaşyňyz bolsun!". Şeýdip biziň AKPAMYK gelin bilen AKMYRAT agamyz bagtly durmuşda ýaşabersin, biz bolsa ol günlerden bu günlere ýuwaş-ýuwaş gelmäge çalyşalyň. Wagt geler we bu gün türkmeni AKLARa garşy aldym-berdimli söweşe başlar. AKLAR ýeňiler we bu aklaryň ýeňilişi edil beýleki AKlary-da örüzer, hemmesi bir dogan(renk) ahyry. Lenin babamyzyň nesihaty bilen türkmenime mele kanal sowgat ediler, ýanynyň AK PAGTAsy bilen bilelikde. Ak pagtanyň ady agam bolsa netijesi gaty elhençdi we garady. Adamçylyk, döwür geçip dur. Bu günki türkmen ýigidi hem AK ALTYN oteliniň öňünde AKjemal bilen ogryn-dogryn bakyş netijesinde ýüreginde belli bolmaýan bir duýgyny duýar we bu duýgy olary KOMSOMOL TOÝa dogry alar we uçurar. Kaka-eje ýigidimizi gyssar we gudaçylyk ýeri salgy alarlar. Türkmeniň ganynda bar-da AKa ýatgynlyk, kakasy diýer "Barjak ýerimizde dilimiz dolaşyp durmasyn, aç ogul, AK arakdan". Ine, şeýlelikde biziň bu günki türkmen orlup-çapylyp Toý taýynlyklaryny görer. Gelin geler messan-messan, her ýöreýşi bir dessan. Hany geýdirjek däldik AK-gök, emma ol düýnki türkmendedi. Fata geýen türkmen gelini AKPAMYKdan GARPAMYKa öwrülene çalym edýärdi. Toý gyzyşar, gazanlar pakyr-da pukur. Duzy zady WO! bolupdyr şükür, toý etdiň taň etdiň, ýokmudyr AK çakyr. Aşpez hem AKa hormat goýýar eken. Toýçulykdyr edil şemal kimin geler geçer, emma edilen çykdajy az däldir we tizden-tiz AK gelin "Şaňňyrdaber AK gelin"e hiňlener we öz-özüne teselli berip AK pelleriň ýoluny ýat tutmaga başlar. Ekin erbedem däldir weli bu günki türkmeni AK möjek heläk etmäge başlar. Her zada bir çäre tapan türkmen muňa-da bir çäre tapar, hasylyny alar. Hany gelen ýadawlyk ýatmak bilen gidibermeýär. "AK derman" ýadawlygy gidirýärmiş diyip eşiden bu günki türkmen ýapyşar AK dermana we ömürlik keselhana düşer. Telewizor görüp ýatan ýerinde türkmen gazynyň çekilmesine AK TAMyň rugsat temasyny eşider we gygyrar ýatan ýerinden, "Bizi halas ediň AK görnen AKlardan, bize Hakyky AK getiriň, hem daşy hem içi AK bolsun!" .
Turkmenler we ak rengk ya-da ak gelinden ak dermana we ak tama chenli...
-
Abadan
13 years ago
- Menem ahalyn aydanyna gosulyan.cunnur yazylan tema.IN SONKYJA sozlerina menem dusmedim,manysyna.
-
turkmenntug
13 years ago
- ajaýyp,bu türkmen ine.sag bol ayna.gaty govy eken.özûniz yazdyñyzmy?
Hemme yerem düshnüklimikä diyyän menä!
-
Auditor
13 years ago
- Aynam tuweleme ellerine guller bitsin!
-
AHAL
13 years ago
- turkmentug dushnikli bolsa dushundurda!
-
Patron
13 years ago
- sagbol aynash! Gaty gowy temalary tapyp yazanyny uchin!!! Minnetdar. Bu yazgynyn awtory kimka????
AHAL 13 years ago- çuňňur ýazylypdyr!! gaty gowy pikirlenmeler!!ýone soňky sözleme dýşunmedim!! name diýjek bolduň akpamyk??