Şejeräm Oguzdan, tijim sap Türkmen, Demir donly Görogly ýigidim kyrk meñ, Nyşanym bellidir, algyr bürgüt men, Bir kökden gelýändir hem Türk, hem Türkmen. Azadynyñ wagyzlaryna berk men, Pyragynyñ akyl gämisine gark men, Goýupdyr adymy atam Gorkut meñ, Bir kökden gelýändir hem Türk, hem Türkmen. Şükür bagşyñ şabramlaryny diñläp berk, Ýunus Emräñ şygyrlaryny edip görk, Orhona, Diwana, Bilige şärik, Bir kökden gelýändir hem Türkmen, hem Türk. Çanakgala, Gökdepe bir uly taryh, Şol ykbal, şol taryh, ýok hiç-hili parh, Watan, toprak, ýene sap-arassa ruh, Şol ruhdan gelýändir hem Türkmen, hem Türk. Iki sany lider, iki sany Türk, Görüşleri meñzeş, tutumlary berk, Biri Türkmenbaşy, biri Atatürk. Iki Oguz, iki Türkmen, iki Türk. Birisi baştutan külli Türkmene, Beýlekisi baş bolupdy Türküme, Gadym Oguzhanyñ şol dowamaty, Dolanyp dur, dowam edýär Teräkime.

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir