bagt...aslynda,bagt diymek nameka?her kim her hili yagdaylarda,her hili pursatlarda ozuni bagtly duyup biler,ya-da tersine,her hili pursatda ozuni bagtsyz duyup biler.mening size berjek soragym"bagt"sozune nahili garayangyz,o soz name many angladyar????hem-de kim ozuni nahili yagdayda,nirede we name uchin,yagny name sebapden bagtly duyyar???agzalar,shular barada heringiz oz pikiringizi yazaysangyz!!!!
Agzalara kichirak sorag???
-
ilyush
13 years ago
- diňe halaýan hereketleriňi etmek(hereketleriň ile zyýany ýetmeli däl).
-
Yegen
13 years ago
- Bagt! Agzybir ýashap, hemmeleñem jany sag gezip ýörse, her kim söýenin alsa, arzuwna ýetse, maksadyna ýetse, durmush shadyýan geçse, ana Bagt!
-
lukss89
13 years ago
- догры еген гайгын болмаса сенден багтлы адам йок...
-
Yegen
13 years ago
- Elbetde dogry!
-
asiya
13 years ago
- gowjamyñ aynashkam!
shu temany oñem bir agza açypdy. neyse....
meñ oz pikirimçe..
birinji bna enem atamyñ yanynda ozumi iñ bagtly gyz hasap edyan.
soñam ozumiñ musulman bolup dogulanyma. dinden, yslamdan habarymyñ bardygyna....
galybersede menden bagtly gyz yokdur. okuwym bar. enem atam agzymdan çykan zadymy edya. doganym bar jigim bar. agtyjagmyz bar...
karooçe agzybir mashgalamyz bn bagytlyda...
allajan iki dunye agzybir bagtly mashgala bolmak nesip etsin hemmelere....
-
asiya
13 years ago
- yegen señkem dogry...
-
Yegen
13 years ago
- Asiya señem aýdanlañ hasyl bolsun!
-
Tourist
13 years ago
- Bagtyñ nämedigini bagtsyz wagtyñ duýarsyñ
-
mirasymyz
13 years ago
- Diýdiň sen:
“Işçiler nädip oňýarka
Alýanja şojagaz aýlygy bilen?..”
Emma welin işçiň günlük baýlygyn
Deňäp bilmen ýyllyk baýlygyň bilen.
Seniň puldan başga bilýän zadyň ýok.
Pikiriň-zikiriň pul, pul, ýene pul.
Bolmasa-da bizde gul diýilýän zat,
Sen gul! Haram puluň elindäki gul!
...Agaň soňky demde hyrkyldap ýatyr.
Sen onuň yzyndan gitmäge derek,
Şu günki gazanan puluňy sanap,
Ekstra bilen urýarsyň börek.
Syrkaw dem sanaýar, sen pul sanaýaň.
Men bolsa gazany gapgaryp pitä,
Bugy hem gaýtmadyk jüýje çorbasyn
Seniň dertli agaň yzyndan eltýän.
Sen bolsa şo mahal sanan pulyňy
Desseläp, desseläp, daňýardyň müňden.
Emma meniň kisäm müňsüzem bolsa,
Şo mahal müň esse bagtlydym senden.
...Obadaş tanyşyň ýogaldy bir gün.
Duran-duran ýerden ylgady uly il.
Sen bolsa (“syrkaw men, dertli men...” diýip)
Tapyndyň özüňe müň dürli delil.
Men bolsa şo mahal egnim tabytly,
Dostuňy göterip barýardym öňden.
Şonda meniň kebzäm hasratlam bolsa,
Müň esse baýdym hem bagtlydym senden!
...Dileg edip geldi garryja eneň.
Bende dilegçi hem däldir-le weli,
Düwünçekmi ýa-da atgulak üçin
Azajyk ýetmedik bolarly puly.
Sen oňa köneje bäşlik uzatdyň,
Soň üçlük uzatdyň (kesen dek tenden!)
Men bolsa şo mahal öz enem bilen
Müň esse baýdym hem bagtlydym senden.
...Ne roman okaýaň, ne-de bir goşgy.
Okamak deregine içýäň hem iýýäň.
Bir kitap görkezsem saldarlap görüp,
“Şuňa näçeräk pul aldyka?” diýýäň.
Beýik Magtymgulyň kitabyny hem
Özüň däl, getirip beripdir ogluň.
Halal, haram hakda okan mahalym –
Kitaby ýyrtaýjak, ýyrtaýjak bolýaň.
Dogrulyk hakdaky ýekeje söz hem
Ýerleşip bilenok pos basan beýnä...
Men bolsa her agşam bagrymy berip
Puşkina, Pyraga, Nowaýa, Geýnä,
Balarysy ýaly şire toplaýan
Danalaň dürdäne setirlerinden.
Şol pursat bar öýüm, maşgalam bilen
Müň esse gurply men,
Bagtly men senden.
...Söýgüden doýanok meniň gözlerim.
Seň gözleriň bolsa doýanok zatdan.
Köpügiň hasaplap uzynly gije,
Mele gelniňi-de çykarýaň ýatdan.
Men bolsa şo mahal mele gujakda
Her minutda iki ýaşyny ýaşap,
Uly söýgi bilen ýeten bagtymyň
Kä lebinden, käte gözünden ogşap -
Seniň pulyň sany çen-çekdan çyksa,
Meniň posa sanym çykýardy çenden.
Şo mahal özüm hem, gelnim, öýüm hem
Müň esse baýdyk hem bagtlydyk senden.
...Her gije, her säher eýmençden eýmenç
Gara wakalary görüp düýşüňde,
Käte basyrganyp, käte gygyryp,
(Hiç zatdan gorkmasyz) juwan ýaşyňda,
Maşyn sesi çyksa, tisginip turup,
Çyrany-da ýakman, ylgaýaň gapa!..
Biz bolsak şo mahal çagalar bilen
Gark bolup iň süýji, lezzetli uka,
Zähmetiň, Söýgüniň eşretin görüp,
Nur sorup ýatyrys ertirki günden.
Müňläp pulumyz ýok. Emma müň esse
Baý biz, arkaýyn biz, bagtly biz senden.
-
Tourist
13 years ago
- Bagt
Gije-gündiz gyrmyldap ýör aýalmyz.
Bize ýylgyrmaga degenok eli.
Biziñ weli, ba$ga ýerde hyýalmyz,
ba$y bo$ dullara gow$urýas güli.
Göwnüñe bolmasa, $ol dul aýalyñ
bu däli göwüne mähri kän ýaly.
Unudýañ ýagy$da buýup durýanyñ,
unudaýýañ oñatlygy käýarym.
Aýalymyz suwaryp ýör gülleri,
ýuwýar, serýär çagamyzyñ arlygyn.
...bagta gara$ýarys oñ ýok günleri.
BAGTLY günler duýamyzok barlygyn.
Gurbannazar Ezizow
-
Tourist
13 years ago
- Bagtlylyk hakynda
-
sahett
13 years ago
- bagt ojak bagt sacak masgala azybirlik sukur etmek bagt soymek bagt soyulmek bagt halal yasamak bagt
-
idealman
13 years ago
- menin pikirimche bagt-sende bar bolan zatlara shukur edip,artykmach zat dileman yashamak.yagny,sana shundan artyk zat gerek dal bolsa,sen bagtly diyip bolar
EsCaDa 13 years ago- baybuww... gaty kyn sorag? bagt men pikirimce - gunun gundogardan dogup, gunbatardan batmasyny gormek :-D