Bir gün gije bir adam düýş görüpdir. Ol düýşünde Reb bilen bile kenaryň ýakasynda aýlanyp ýörmüş. Asmanda onuň durmuşynyň görnüşi şöhlelenipdir. Her bir görnüşde ol çägede iki dürli aýak yzlaryny görüpdir. Olaryň biri Rebbe, beýlekisi özüne degişlidi. Durmuşyndan alnan soňky görnüş huzurynda şöhlenende, ol aýak yzlaryna nazaryny dikipdir we öz durmuş ýodalarynda dinge bir aýak yzyň bolandygyny görüpdir. Şeýle hem ol, munuň öz durmuşynyň iň pes we gaýgyly pursatynda bolandygyny ýadyna salypdyr. Bu hakykatdan hem ony alada goýdy we ol bu babatda Rebden sorady: “Rebbim, bir gün men Seniň yzyňa eýermegi karar edipdim we Özüň tutuş ýoly mening bilen ýörejekdigiňi aýdypdyň. Emma men durmuşymyň iň hasratly günlerinde hem dinge aýak yzyň bardygyny gördüm. Sen iň gerekli pursatda näme üçin meni taşlap gidýändigiňe düşünmeýärin”. Reb şeýle jogap berdi: “Meniň gadyrly, gymmatbahaly çagam, Men seni söýýärin we Men seni hiç haçan ýeke taşlamaryn. Seniň agyr synagly hem hasratly günleriňde diňe bir aýak yzy görmegiň, bu-Meniň şol pursatlarda seni göterip ýörändigimdir!”
Ayak yzlary
-
Patron
13 years ago
- Sagboluň! Şeýle gyzykly temalary ýazanynyza.:-)))
-
Auditor
13 years ago
- Aynajan Alla razy bolsun, teman gaty manyly we gerekli!
-
myahridjemal
13 years ago
- Sagbol,Ayna govnumden turdun mana gaty degishli movzuk spasibo
-
aynash
13 years ago
- hemmangize sag bolung dostlar!!!allah hemmamizden razy bolsun!!!
samat 13 years ago- eger reb diymek bilen Allany göz öñne tutan bolsan,çagam yerine gulum bolmaly.
Sag bol aynas.diysen manyly yazgy.dogrudan-da KİTAPDA "yalñyz meni yatlan,menem sizi yatlayyn."