Göçme manysynda köplenç adamlar arasyndaky gatnaşyklar babatda ulanylýan bu aýtgynyň asylky manysy barada awçy Akmämmet aga şeýle gürrüň bererdi: — Kä ýylyň gyşy gaty agyr gelýár. Dünyáni gar basyp, erär ýerde eränok. şeýle doňaklyk uzaga çekse, keýik gäleleri gaçybatalga edinen çagatlygynyň (çagat diýip, giňiş oýtakda tümmek-tümmek bolup ýatan çöplük ýere aýdylýar) otuny-çópüni iýip gutarýarlar, çygyryny çykarýarlar. Howa birneme gowşap, garlar eräp, meýdandaky ot-çöpüň üsti ýukalmasa, keýikler örän agyr ýagdaýa düşýär. Dünýesiniň düzüw wagty adam görse gaçýandyr weli, ýaňky ýaly ýagdaýda janawerler adamdan dalda gözleýärler. Adamlaryň goýna berýän otundan hantama bolup, guýynyň başynda, süriniň tówereginde, ot daşalýan ýollarda düzüm-düzüm bolşup durandyrlar. Özlerem şeýle bir gözgyny bolýarlar. Uzak-uzak ýollary söküp, çölüň jümmüşinden garly-buzly ýerlerden batyp-çomup gelensoň aýaklary dagam hamy syprylyp, gyzylinjik bolup durandyr. Atmaga-tutmaga dagy dözer ýaly däldir. Tutaýaňda-da, ondan «agzyň tagam tapjak gümany yok, gaty hor, çala jany bolýar. Şeýdip, eňki agan janawerler gaçyran-galdyran ot-çöpüňi iýjek bolup, aýagyňa çolaşyp ýörendirler. Dogry yüzüňe seredip durandyrlar. Beýle ýagdaýda adam oňa degmeýär. Ana, şolam türkmen dilindäki «Dogry gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýilýäni bolýar. Bir gezek çölde aw edip ýördüm weli, bir keýik kellesini aşak salyp, ujala girip gitdi-de, soňam bärsine bakyp, dogry ýüzüme seretdi-de duruberdi (ýüzugra aýtsak, sähra ýerde edil ýap ýaly uzalyp gidýän oý ýerler bolýar, ana, şoňa «ujal» diýýärler). Şeýle ýagdaýda awçy oňa degmeýär. Sebäbi ol janawer öz ykbalyny seniň ynsabyña goýýar... Çöl haýwany bolsun, dag ýyrtyjysy bolsun, gyssaga düşende ynsanyň belent häsiýetine, ynsaply kalbyna, dözümsiz ýüregine bil baglaýar... Şeýle bolanda awuň yşgyna düşüp, kellesi göçen awçam kürtdürip durýar-da, aklyna aýlanyar...Göni gözüne seredip duran haýwany öldürmäge ynsaby çatanok. Adamlar arasynda-da, bir adam eden işiniň telekdigini boýun alyp, dogry ótünç sorasa ýa-da: «Özüň näme etseň edäý, şu şeýle boldy» diýse, mert türkmen onuň günásini geçýándir. Şeýle ýagdaýda: «Göni gelen keýigiň iki gözünden başga aýby ýok» diýen pähime eýerýärler. Ejegyz Çaryýewa, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Goni gelen keyiging iki gozunden bashga ayby yok.
-
Adgjmptw
13 years ago
- Ejegyz Çaryyewa dogry düshündirish beripdir. Aynash hem biz bilen paylashypdyr. Köp sagboluñ Aynash!
-
Yegen
13 years ago
- Sag bol Aýnash, biz bilen paýlashanyña!
Awçylygyñ ýene bir düzgüni bar, bu gadymdan gelýän däp-dessur. Haçanda awçy awa çykanda awlajak haýwany isle keýik, towshan, islede möjek bolaýsyn, awça seredip yzyny ýere berip otursa, göni shol gün aw etmän yzyna gaýdar ekenler. Aw awlamak shol gün haram görlüpdir. "Nämüçin bu gün awdan bosh geldiñ?" diýip soranada "bu gün awum ompa oturdy!" diýer ekenler. Shu sözem shondan gelip çykypdyr!
-
zagajkis
13 years ago
- bogaz towsany atmak hem guna oydyan.
-
Yegen
13 years ago
- Bogaz towshany atmak asla günä hem gadagan. Ýaz aýlary aw etmegem gadagan, olañ shol wagtlar köpelýän döwri!
-
Auditor
13 years ago
- Gindir dunya gendir dunya
-
sahett
13 years ago
- gaty uzak okamanada yaltandym yone gowydyr ayna yazan bolsa
-
zagajkis
13 years ago
- howa ayna yazan bolsa gowudyr. okamak hokman dal.
-
Auditor
13 years ago
- :-D
Ayjagash 13 years ago- Aynam gowja hekaya eken. Nirden tapyana?