Öýüň gapysy kakylanda garryja aýal tapdan gaçan aýaklary bilen assajyk ýöräp, gapyny açdy. Görse, şehit bolan oglunyň gullukdaş dostlary gelen eken. Saglyk-amanlyk soraşylandan soň gelen ýigitleriň uzyn boýlusy şeýle diýdi: - Daýzajan, biziň kän wagtymyz ýok, birki sagatlyk rugsat alyp gaýtdyk. Aýak üstünden hal-ýagdaýlaryňyzy soraýaly diýdik. Garryja aýal aljyraňňylyk bilen: - Bolmaz ahyryn, bir zatlar hödür etmän göýbermen – diýdi. Garry aýal bu sözleri adamsy we ogly diri gezip ýörkä aýdyp öwrenşen sözleri bolany üçin göni diýip göýberipdi. Munuň soňunyň nirä barjagyny welin pikir etmändi. Garry aýal şeý diýensoň ýigitleriň biri sagadyna seredip: - Bolýa, daýza jan! Garnymyz-a dok welin, şonda-da herimize iki sanyjak ýumurtga çakyp berseňiz iýäýeris - diýdi. Aslynda ýigit garry aýala kynçylyk döretmejek bolup şeý diýipdi. Howluda gezip ýören towuklary görüp, ýumurtga kändir öýdüpdi. Towuklaryň soňky günlerde bary-ýogy iki sanyjak ýumurtga guzlanyny, öýde başga hiç zat ýokdugyny nireden bilsin?! Garry aýal aşhana tarap ugrady. Şol wagt gapdalky otagda oturan ýigitler bilen bile gulluk edýän wagtlary dönükler tarapyndan şehit edilen ogluny ýatlaýardy. Ol hem dostlary kimin çakylan ýumurtgany gowy görerdi. Garry aýal titreýän elleri bilen ýumurtgany çakjak wagty öz içinden gynanýardy we garypdygyny bildirmezlik üçin çäre gözleýärdi. Ýigitleriň hersine iki ýumurtga çakmalydy. Olar tabakda hersine diňe bir ýumurtga görenlerinde näme diýer? Garry aýal, köp wagt pikirlenip durman, ýumurtgalary çakdy. Birdenem ýüzi şadyýanlyk bilen ýylgyryp, gözlerine ýaş aýlandy. Her ýumurtganyň içinden goşa sarysy çykypdy.

Köneler, aynash tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir