Jygyldykda giden märekä siňip giden kakama garaşyp, töweregimi synlap otyryn. Güýmeneýin diýip alan çigidim gutaryp barýardy. Guýguç edilip, çigit dolanan kagyza seretsem, onda bir goşgy bar eken. Göwünli-göwünsiz okan boldum. Emma okadygymça, sen göz öňüme gelip barýaň. Ol goşgyny maňa okasyn diýip, edil sen iberen ýaly. Ýogsa şeýle goşgy çigidiň daşyna dolanaýmalymy, gel-gel olam meniň satyn alan çigidime? Onsaňam seniň ýaly eje, meniň ýalam ogul kändir ahyryn, bu dünýede. Kimiň ejesi senden artyk, men kimiň oglundan pes. Men ony beýdip özüme çekip, sen iberensiň diýip göwnüme getiräýmelimi? Seň goşgy okap oturanyňam görmändim ahyryn, men. Ýa sen maňa başgaça ýüzlenip bilmän şeýtdiňmi? Ine ol goşgy. ENE* Seni ilki gunnan Men boldum, balam. Ilki oýnagyň Men boldum! Dogrudanam, ilkije bäbegiň bolamsoň, sen bir gurjak oýnap oturan, menem eliňdäki janly gurjak ýalymydym? Sen meni oýnawaç edip oýnaýarmydyň ýa-da men özümi gunnadyp seni oýnap ýatyrdymmykam?! Ajy näme Süýji näme... bilmezdiň Diliň, damagyň Men boldum! Ýok eje, sen oýunak däl ekeniň, dogrudanam, men ajyny nirden bileýin, süýjini nirden bileýin! Cen iýdirjek-içirjek zadyňy, näme bolsa bolaýsyn, ilki özüň dadyp, soň maňa berýän ekeniň! Eliň ýetmedigi Diliň öwrülmedigi Çaglarda, balam, Goluň ganatyň Men boldum, Diliň-zybanyň Men boldum! Entek gepläbem bilmeýärkäm, sen meniň suw içjegimi ýa-da çörek iýjegimi nädip bilýärdiň? Menem zada düşmez çagakam seniň gaçyryp-gizleýän gyzyl burçuňy dişläp, agzymy ýakdymmykam? Ýakandyryn. Häzirem seniň etme diýenleriňi edenim üçin agzym bişip ýöp-ä... Görer gözlerden gysgandym, Görkezmedim. Gizledim göriplerden Gülüşleriňi. Gerilen perdäň Men boldum. “Çagakaň saňa köp göz degerdi” diýip, ulalamsaňam jübčme daşyna düýe ýüň oralan dagdan agajyny salar ýörerdiň. Menem öýden çykdygym ony zyňardym. Sen meniň daşyma perde däl, gala bolmaga taýýardyň. Meniňem ejemogly bolýarmykam diýip gaçgynym sendiň. Gereklensem, hamana, Adymy tutmasynlar. “Onuň enesi” diýseler, Bu besdir, söýegim, bu besdir maňa! Senem özüňe “pylanyň ejesi şo barýan” diýdirip, yzyňdan gözügidijilik bilen garalanyny islänsiň. Häzirem isleýänsiň. Diýýändirlerem, ýöne näme isleýşiň ýaly diýýän däldirler. Iliň gözi gider ýaly ogluň bolup bilmedim, söýegiň, diregiň bolup bilmedim. Sen bolsa şonda-da: Bir diýeniň iki diýmesin diýip, şeýle çarpyndym. Seni şeýle söýdüm, şeýle imrindim saňa. Ýadamadym, ýaltanmadym, ýaýdanmadym. Bir gezek goňşymyzyň ogly bilen urşup gelemde onuň ejesine: “Seň sümükliň ýaly ogullaryň onusyndan gowy görýändirin. Hany indem bir barmagyny batyrsyn, öýüňizi başyňyza ýumuraryn” diýipdiň. Sen meni ynjatsalar bir öýi däl, bütin obany ýumurjakdyň o wagt. Näme üçin eje, näme üçin, bagryňdan öndürip ekläp-saklanyň üçinmi? Sen bileňokmydyň, o wagtlar meniň kim bolup ýetişjegimi? Bir gün geldi Ýürek bagymy gyrdyň Ynjamadym. Ilki oýnagyň Men boldum, balam Soňky oýnagyň Men boldum. Ýadyma düşýär, “Eje seňki nämaý” diýip sözüňi bölenim. Sen şonda ýüzüňi salladyň-da ötägitdiň. Men nirden bileýin seniň ynjap däl-de, içiňden: Laýyk däldim, Laýyk gördüler. Eneň boldum balam, Eneň boldum! - diýip galanyňy. Sen maňa: “Ogul adyňa mynasyp bolup bilmediň, ogul” diýmediň. Ýene özüňi günäkärlediň. Menem içimden: “Kim bilýär, şeýledir” diýip, seni tassyklabam barýan. Heý adamam öz çagasyny söýeni üçin günäkär bolup bilermi? Sen meni adam edip ýetişdirmek maksadyň bilenem öz söýgiňi kirletmejek bolduň. Edep-terbiýe bermeli diýiberseler sen şol söýgiň damagyna pyçak goýulýan ýaly bolardyň. Seniň şol hiç zada dözmän, kirletmän saklajak bolan söýgiňi men aýagymyň astyna alyp depeledim. Ine, indem geçen günlerimden utanyp, ýer dyrmap, çigide güýmenen bolup otyryn.. Hiç kimiňem ejesi... senden artyk däl-ä. Günleri yzyna dolajak gümanyň ýok. Özüm kaka boldum. öýde-de biri meniň ýaly ilkije çagasyna eje bolup otyr. Sen bolsa aýatda-da ýok... Ruhuň maňa aýtjaklaryny goşgy bilen aýdyp gidýär. Ýöne, bu, aňymda ýazan hatymy men saňa nädip ýetirerkäm? Hol-ha kakamam gelýär. - Köp garaşdyraýdymmy? Horaz alaýaýyn diýdim-dä. Agşam gelniňe palow bişirt, ejeňi ýatlap tebärek çykaýyn. Pahyr towukly palowy gowy görerdi. Senem bilýänsiň-le? - Bilýän. Sesimiň ýuwaş çykany täsir etdimi, ejemi ýatlap gürrüň edişesiniň gelýäni gözünden görnüp duran kakam soň geplemedi. Meniň bolsa gepleşesim däl-de, kakamy gujaklasym gelýärdi. Arman, özüň kaka bolaňsoň kakaňy gujaklamak kyn düşjek eken... Galany hiç, agşam kakamyň okan dogasy bilen meňem aňyma ýazan hatym seniň ruhuňa ýetse bolýar. Agşam anna agşamydyr, Alla kabul etse, ýeter. OGULA ÝÜZLENME Hatyňy aldym oglum. Kakaň dogalary bilen geldi ol maňa. Gabrym giňedi. Ony goňşymam diňledi. Ony diňläp, üstümizden ösen ýeller iňledi. Ýeliň getiren ýagyşam, siňip guburymyň teşne topragyna, hem seniň saçlaryňy ýuwup, ikimizem diňledi. Henizem ýagyşda başaçyk gezmäň galmandyr, oglum. Eneň seni bärdenem görýändir, oglum. Ýogsa, ýurdumyz başga-başga. Ýöne bir-biregi eşitmez ýaly, bilmez ýaly, aglasa aglap, gülende gülmez ýaly, biz eneli-ogul bolmasadyk käşgä. Bolanda näme ýurdumyz başga-başga? Balam, ýokarda bardyr Allam. Ol seni menden aýyrmaz, Meni hem senden aýyrmaz. Säbäbi seni maňa beren Ol. Alynjak zat berilmez. Sen bolmasaň... OGUL* Beýle çytyr-çytyr Çytyrdamazdy ojaklar Sen bolmasaň. Sen bolmasaň men bärde-de arkaýyn ýatmazdym, oglum. Sen meniň ol ýerde goýup gaýdan gowulygym. Tenha gijelerde başyňy sypap beýniňe çümip gidýärin. Soň ertesi: "Düýşümde enemi gördüm" diýeniňe begenýärin. Ýogsa men seni görüp gaýtdym ahyr, oglum, gije. Düýşüňi aýdyp berişiň nähili süyji! Ol meniň bärde tagamym. Bilgin oglum, eneler nirden bilsin hüwdüni ogullar bolmasa. Hamdy üçin dilimize sena beren Alla jan, hem sizi bereýin diýip umyt guýdy kükregmize. Soňra döredi hüwdi. Sen bolansoň... Huwwa-huwly Hüwdüleri bilmezdi dodaklar Sen bolmasaň. Ýapraklary dökülip güldüýbi miwesi bolup galan güle soldy diýmezler. "Öýde biri ilkije çagasyna eje bolup otyr" diýip yazýaň. Indi meniň çyragyma söndi diýmezler. Enäniň dilegi, diregi, diriligi şol dälmi? Wah, görä maňa ýeten bagty, neneň bolmasyn gabyrym-görüm ýagty, balam. Seni öýerip bilmämsoň o taýy garaňkydy maňa. Eşiden eken ahyr dilegmi Alla. Oňa yüz müň şükrüm bar. Bäbejikkäň ýassananja yassygyňda ýatyr dowamym - balam. Birden aglaýmasyn diýip başujyňda diň salýan. Agladygam ikiňizem oýarýan. Heý bäbegi aglarda ýatyp bilermi ony emdiren. Özüne kakadyryn diýen. Saňa diýip oýnawaçlar alardym hem birini saklapdym men agtygma. Gör ahyr, oýnalman döwülip-ýitip gitmändir. Ber ony eljagazyna aglamasyn agtyjagym.. Sen bolmasaň... ol bolmasa... Nämä ýaraýar bu oüýunjaklar Sen bolmasaň. Gynandyrdym diýip gynanyp ýörme. Gynanmasam begenmezdim. Gijäniň ýyldyzlaryna bak. Heý olar süýneni üçin gutaryp bilermi? Ene söýgüsine-de gutarma ýokdur. Meniň gelen ýurduma gelinçäň ejem diýip gezersiň. Sallançagyň badyny ýatyrman ýatman geçiren gijelem sen ýatansyň öýdüpdim. Ýatmaýan ekeniň. Alan ekeniň mährimi. Ýumrujagyň ýaly ýüregiňe sygdyran ekeniň söygümi. Mendäki isleg umydy haçan ýazyp ýetişdin düşünjäň jümmüşine? Gujagymdan düşesiň gelmezdi. Ýa bilyärmidiň ol ýylynyň gözbaşynyň nirededigini? Hem sowardy, balam gujaklar Sen bolmasaň. Ýöne şol ýyla men mynasyp bolup bilmedim, balam, söýgülerim bärden gaýtdy. Gowuz boldy mähir çanagym, dolduryp bilmedim... Bolýar sag-gurgun gez balam. Men saňa ýene-de hatlar ýazaryn. Ýüzüňi kybla öwürüp, açyp ýüregiňi şu günki ýaly diňleseň sen olary kynçylyksyz eşidersiň. Ýene-de etjek dilegim, kaka bolsaňam, kakaňy gujaklamak saňa kyn düşmesin, balam, özüň gujaklanýansyň.

Köneler, aynash tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir