“Bägülli ýigit” Bazardan gelýärin. Elimde sebet, Sebedimiň içi – pamidor, kelem, Kartoşka, badamjan.. Duralga çenli Gurady aýaklam Guruşdy ellem. Şonda-da dyrjaşyp bar güýjim bilen Bazardan çykýan-da duralga ýetýän. Duralgaň öň ýanda – kijijik dukan, Kiçijigem bolsa – içinde et kän. Ondanam bir budy sebede atýan… Awtobusa münýän. Sagynýan sakga. Keýwany “bir düzüm gyzyl burç getir!” Diýipdi ahbetin. – Haý, şofýor, sakla! Awtobusy sakla! – Näme, ýaşuly? - Aý, neme… gyzyl burç çykypdyr ýatdan… Näme diýýänimi aňşyrmasa-da, Gowy ýigit eken. Geçdi-de ýapdan, Maşyny togtatdy. Açyldy işik, Menem derrew bökdüm. Aslyşdy sebet. Bir aýal yzymdan gygyryp galdy: “Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret! Bir gün unaşyňy burçsyz içeňde Geçmez öýtdüňmi sen bokurdagyňdan?!” Awtobusyň içi sarsdy-da gitdi Burç söýmez adamlaň pykyrdysyndan. Menem hüňňürdedim: “Gülüpler geçiň, Öýe gyzyl burçsyz barmajagym hak. Keýwanyň buýrygy – meň üçin kanun: Burç getir diýdimi – burç alyp barjak, Zäk getir diýdimi – zäk alyp barjak, Ol meniň öz işim. Size bagly däl. Onsoň men siziň äriňiz ýaly, Ýa oglyňyz ýaly ejemogly däl!…” Şeýdip öz-özüme teselle berip, Bazaryň çetinden ätledim ýene. Şeýle bir burçlar bar, köz ýaly burçlar! - Essalawmaleýkim, burç satýan ene! Burçyňyz ajymy? - Datdajyk göräý. Edil zirk ýalydyr. - Sagja bol, mama. Ozalam ot ýaly agzymyň içi. Keýwanyňkam ýetik. Wah, seňki näme! … Kelemli, käşirli, soganly, burçly Bir putluk sebede kertdirip elim, Bazardan saýlandym, giň köçä çykdym. Köçe durşy bile gyz bilen gelin. Garşymdan gyssanyp bir ýigit gelýär Garagyýçak ýigit, dogumly ýigit. Bir maralyň ýanna howlygyp barýar Gujagy bir harman bägülli ýigit. Şeýe bir, şeýe bir gyssanýar ýigit, Onda-da şeýebir gyssanyp gelýär. Göýä bägülüne bakýanlardanam Bägülüniň ysyn gysganyp gelýär. Wah, nämä gyssanýaň, bägülli ýigit? Wah, beýle gyssanmak nämäňe gerek? Ýa-da eliňdäki bägüle derek Sebediňi kartoşkadan dolduryp, Gyzyl burçdan (we başgadan) dolduryp Gitmeli günüňe gyssanýarmyň sen? Wah, nämä gyssanýaň, Bägülli ýigit?
K.gurbannepesowyng "bagulli yigit"shygry
-
turkmenntug
13 years ago
- sag bol ayna.kerim aga govy göryän $ahyrlamdan.
Ajaýyp goshgy!sag bol!
-
Servi
13 years ago
“Bu şlýapaň bolup ýörşüne seret!
Bir gün unaşyňy burçsyz içeňde
Geçmez öýtdüňmi sen bokurdagyňdan?!”
K.Gurannepesow diysen gowy yazypdyr.Sag bol aynash!
-
Auditor
13 years ago
- Aynash sag bol gúljagazm ellerine saglyk gaty gow göryän shu goshgyny
-
aynash
13 years ago
- dostlar hemmangize okanyngyz un minnetdar,kerim shahyryng goshgularyny menem gaty gowy goryan shong un hem siz bn paylashmak isledim.
-
littil
13 years ago
- aýna spasiba goşgyňa goty gowy goşgy.
-
Bahbit
13 years ago
- Paýla$anna sag bol
-
Ayjagash
13 years ago
- Aynam gowja goshgy yazypsyn sagja bol.
myratmeredow 13 years ago- ayna sagja bol/ gowy goryan shu gosggyny