Bazarçy türkmen daýzasy Öten agşam duralgada durun welin, ýanlary giden goşly üçden, dörtden daýzalar bazardan çykyp, duralga gelýärler. Ýüzleri tamdyra tutulan ýaly dym-gyzyl. Hat-da dym-gyzyldanam geçip, bir hili garagoňras öwüsýär. Megerem bazaryň mydama öwsüp duran sowuk ýeli olaryň ýüzüni şeýle reňk bilen reňkländir?! Şonda-da keýpleri erbet däl. Iş bitiren, är işini bitiren sypatda, biri-birleri bilen gaty ses bilen gürleşýärler. Ynha öýlerine bararlar, ýyljak peçiň başyna geçerler. Daşlarynda-da agtyklarydyr. Olara çigit, süýji-köke, almajyk bererler. Ulularam haçan pully gapjygyny açarka, getiren pullaryny sanamaga oturarka diýip, beýleräkde çugutdyryp oturandyrlar. Äri narkoman bolsa-ha öňünden çykandyr, goşuny öýe gelýänçä göterşendir. Ýolda-da özüniň bigaýratlygyny ýaşyrmak üçin, oňa-muňa, goňşy-golama sögüner, hem içinden: “Maňa şu heleýi Hudaý beräýipdir” diýer. Aýaly görgüliňem eliniň tersi bilen äriniň agzynyň üstüne keseläp urasy gelýändir-de, il-günden, ýaşaýşynyň mundanam erbet bolmagyndan çekinip barýandyr. Hawa, ol aýal her gün daň atmanka bazara baryp, bir ýerden arzan bahadan haryt alýan türkmeniň bazarçy daýzasy. Şol kem çekýän, her geçen daşary ýurtla harydyny hödürleýän, “Şu wagt bir baý daşary ýurtly gelsedi, ähli öňümdäkileri birden satyn alyp gitsedi, menem şu günjik bir irräk öýüme ýetsedim, jaýam ýyly bolsa, naharymam bişirilgi, çaýym gaýnadylgy bolsa, menem çaýymam içmän irkilsem, düýşümde durmuşa çykmadyk gyz wagtymy, kakam jany, ejem jany görsem” diýip göwün ýüwürdýän türkmen daýzasy... Täze türkmeniň baý aýaly Baý aýallar dürli-dürli bolýarlar. Ýöne olaryňam dertleri özlerine ýetik. Ynha biri uzak gije uklap bilmän ýatyr. Nätsin, o bu gün adamsynyň başga bir ayalyng ýanyna gidýänini anyk bildi. - “Erkek kişidirindä-raý, ilde ýok zatmy?” diýen bolýar. Wah, edäýmelisi belli-le welin, hor-zaram edenok. Dilim bir zat gymyldasa berip dur, ýerçeken. Zadyň başyňy iýsin diýip galmagal-a turyzdymam-la welin, o ýerýudanyň azaryna-da däl. Maňa sen çişik diýýär. Öler jany süňke ham çekilen ýaly gatan gurbakgalar-da. Menem horlanjagam bolýan welin, artyp, özüme buýrup bilemok. Şokolad bolsa, tort bolsa iýmesem ölüp barýan. Semiz bolup, semizem däl-le. Ýöne etim-ganym ýerinde. Ýigrenjiden şu gün birhili eşegiň ysy ýaly ysam gelýär. Şol ayalyng ysymyk-a? Meň ýaly petigara ýokdyr. Çyny bilenjik özümi gowy görýän, garybrajygam bolsa, sadaja äre duşmadym-da... Köpden bäri aglamagyň nämedigini bilmeýän mes geliniň gözlerinden bir-iki damjajyk ýaş ýassygyna damdy. Ýanynda süýji ukuda ýatan äriniň horruldysyna goşup, çalaja hynçgyrdy. Ol hiç kimiň ýanynda ýüreginiň ýarasyny açyp bilmez. Ejesine aýdaýsa-da “Gapyl, mes bolyang. Erkek eşekdird-ä, bilmedik bolaýarlar” diýjegi belli. Ýakynda jigisini öýerenlerinde, tutuş toýuny özi sowansoň, bu ýerýuwdanyň adyny tutup bilermi?! “Ýataýynla, şuň üçinem janymy horlaýan” diýip beýlesine agdarylan gelin, ahyry daňa golaý uka gider. Ol uklanda bazarçylar eýýäm bazara barandyrlar.
Bu durmushda...
-
vesna87
13 years ago
- durmushda bolyan zat.shu iki durmusham bir adamdada bolup bilya.
-
AHAL
13 years ago
- nadip iki durmyş bir adamda bolýar??? hiç duşunip bilmedim!!
-
aynash
13 years ago
- ahal!bu yerde iki durmush bir adamda gorkezilmandir.yone yokardakylang ikisem bir adamda bolup biler,sebabi adamyng bashynda duryan zat yok,aslynda,baylyk,garyplyk ikisem adam un synagdyr!meselem,yokarda gorkezilen bay ayalyng adamsy narkaman bolsa,bazara chykyp,hojalygy eklemek uchin elinden gelenini eder,hemem bazarchy dayza owrulerda.
-
AHAL
13 years ago
- elbette adamyň maňlaýyndakyny bilip bolmaýar ýöne öň baýlykda ýaşap ýoren aýalyň bazara çykyp ärini eklar diýip pikir edemok!!
-
vesna87
13 years ago
- umnisa.berekella tuweleme sen dushbuje aynash. Sen nace yashynda?
-
aynash
13 years ago
- öň baýlykda ýaşap ýoren aýalyň bazara çykyp ärini eklar diýip pikir edemok!!
AHAL | 2011-05-29 13:08:36---
chagajyklarynyng hatyrasyna ayal diyen ada mynasyp boljak bolsa eklar,hawa yone bu durmushda her hili adama gabat gelip bolya,ayallang hem her hilisi bolya.yone ayalada yashayysh gerega,hokman arini eklemandede chagalaryny eklemeli bolara,hokman bazarda ishlemese-de iki adamlyk zahmet chekmeli boljagyna bilyan.
-
aynash
13 years ago
- umnisa.berekella tuweleme sen dushbuje aynash. Sen nace yashynda?
vesna87 | 2011-05-29 13:09:50
vesna87!ynamynga minnetdar!men 18 yashymda.
-
AHAL
13 years ago
- gaty optimist gyz ekeniň!!
aýallaňam herhilisi bar. hana arada bir aýal çagasyny tualede zyňyp gidipdir! çagalaryny ýetimler oýine tabşyrýanlar ýokdur oýtýanmi?
-
vesna87
13 years ago
- akylly ayal bazara chykmakdan cekinmez.ilem bir genlar iki genlar ahyr dushuner halal gazanch edyanine.
-
vesna87
13 years ago
- aynash tuys men diyen wagtyn eken gyz durmushynyn in ajap wagty.
-
AHAL
13 years ago
- barde akylly aýal barada gurruň gidenak ! meslige owrenşen aýal barada gurruň gidýar!!!
-
vesna87
13 years ago
- namart erkeklen bolshy yaly namart erkeklerem bolya.
-
vesna87
13 years ago
- yalnysh yazayypdyryn namart ayyallaram diyjekdim.
-
vesna87
13 years ago
- nache meslige owrenshenem bolsa ayal adam gaty bolya ol mashgalasyn tashlap gitmez. Bir azajyk horlanarda.
-
AHAL
13 years ago
- aýallarda mert aýallar bar. emma namart aýallar diýip ilkinji sapar eştýan!!
-
aynash
13 years ago
- ahal,munga durmush diyerler!yone aringi yitirip,chagalaryngdan ayrylyp,ondan song nadip yashap bolar?!chagalaryny yetimler oyune tabshyrmaklarynyng hem oz sebapleri bardyrda.
-
AHAL
13 years ago
- wesna maşgala eklemek erkek adamyň aladasy!! aýal erkeksiz maşgalasyny eklap bilýan bolsa ol aýal hakykatdanam mert aýal. ýone ýokardaky baý aýalyň birden hiç zatsyz galandan soň maşgala eklemejekdigine ynanýan!
-
AHAL
13 years ago
- aynash elbette sebap bar. pulsyz galan aýallar ozlerine oýnaş tapynýalar wessalam! çaganam ýuk bolmasyn diýip ýetimler oýine salýalar!
-
vesna87
13 years ago
- yok ahal men hut ozum sholar yaly durmushy gozum bn gordum. Mes ayal birden garyp galya ari ilka chekya sonam turma gidya. Ayal yalnyz galya chagalary bn. hich kimden komek sorama ilden chekinmeya bazarda chorek satya.adamsy yogalya. Shondam chagalarxn hor zar etmeya. Ozem 7 sany chaga.haramchylyk etmeya dine halalja tapanyn iyya.durmushda bu adam naili terbiye alsa sholar yalam bolya.
-
AHAL
13 years ago
- goren bolsan sozim ýok!! hawwa her kimin oz durmyshy bar!! hemme zat çagalykda alan terbiýane bagly!
-
idealman
13 years ago
- bu hekayany okap oz durmushumam gowy eken hudaya shukur diyyan!her adamyn,her mashgalan oz problemalary bar!
-
sahett
13 years ago
- teweleme yazgysy kop bu jogabyndan
-
Auditor
13 years ago
- Aynam gaty gowy yazgy. Pikirlendiryär. Shu wagt hemmamizinem in gowy wagtymz. Sonky durmushda alada gaty kop...
-
Kato
13 years ago
- dogry jyggyldykdaky gyattcy dayazalar
-
Abadan
13 years ago
- bu hekayany okap oz
durmushumam gowy eken
hudaya shukur diyyan!her
adamyn,her mashgalan oz
problemalary bar!
idealman | 2011-05-29
15:03:55
menem idealmanyn aydanyna go$ulyan.
$unun yalak hakyky durmu$ wakalarynam köprak yazyp dur aýnash.
-
Yegen
13 years ago
- Many!
-
magnit
13 years ago
öte betgowja material eken!
AHAL 13 years ago- hakyky durmyşda gaty kop duşgelinýan waka!!! 1nji aýala mena mert aýal ýagny maşgalany ekleýan dagy bolsa erkek aýal diýerin olar ýalylar sylaga mataç.
2nji bolsa heleýda name diýjek başga??