Merhum mugallymymyzy hatyralap...

(HALYPA MUGALLYMYMYZ DURDYMYRAT REJEPOWYŇ ÝAGTY ÝADYGÄRLIGINE)


"Ýaşap ýadanlara ýatmak ýaraşýar..."
Ilmät Gurbanow

Çyn dag ýykylmaýar, ölmeýär çyn är,
Senem aramyzda dirisiň, diri!
Käriň ýagşylykdy, gylygyň — hünär,
Uzak ömre rowa görülse biri,
Şol sen bolmalydyň…
Bolma...

Dowamy »

382 5
Edebiýat, 10 months ago


Nämedir bir zat...

Nämedir bir zada howlugýan ýaly,
Nämedir bir zada umyt edýän men.
Nämedir bir zada ýetip barşyma,
Hem nämedir bir zatdan-a gidýän men.

Hiç maza berenok nämedir bir zat,
Nämedir bir zatdan kineli ýörün.
Kalbyma ynjalyk bererim ýaly,
Nämedir bir zad-a etmeli borun.

Bu mymyk gijel...

Dowamy »

392 4
Edebiýat, 10 months ago


"Söýensiň, söýensiň öýtdüm..."

Çöşdüm bu gün bukja bagym,
Niýetläpdirn jorap baryn,
Şeýle bir gün şulaň baryn
Geýersiň, geýersiň öýtdüm.

Nirelerden çykdyň, gör, sen,
Syr kändir ýüregmi dörseň,
Men yrman garaşyp ýörsem,
Gelersiň, gelersiň öýtdüm.

Jaň edýän, bolmasa aýyn,
Nädeýin, tapmadym maýyn,
...

Dowamy »

417 5
Edebiýat, 10 months ago


Gyz kalbynyň owazy

"Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni..."
Magtymguly Pyragy


Aman dilän pelegim synaga saldy meni,
Öz oýnuny güjeňläp, ýolumdan aldy meni,
Bir bossanda gül saýdym, bagymdan ýoldy meni,
Däli Mežnun ýigide bir Leýli bildi meni,
Roýum mahy-taban däl, ýalňyz Aý saýdy meni.

Göz...

Dowamy »

355 2
Edebiýat, 10 months ago


Şahyr bilen söhbetdeşlik

ŞAHYR BILEN SÖHBETDEŞLIK


M.B:
– Seýitmyrat, käbir adamlar „Poeziýanyň möwriti tamamlanyp, indi ol diňe şahyrlaryň özlerine we edebiýatçylara gerek bolaýdy öýdýän“ diýýärler. Bu barada sen nähili pikir edýäň?


S.G:
– Adam adamçylyk duýgusyny ýitirmese, poeziýanyň möwriti tamamlanmaz. Dogry,...

Dowamy »

393 7
Edebiýat, 10 months ago


"Goý, olaň özleri hozanak bolsun..."

(Sylapberdi Muhamow bilen Has Türkmeniň söhbetdeşligi)



Has TÜRKMEN: Sylapberdi, şü edebiýatçylar, şahyrlar, ýazyjylar, umuman, döredijilik intelligensiýasy diýen zat birtöwra adamlaryň topbagy ýaly. Daşyndan seredäýmäge olaryň hemmesi-de ylymly-bilimli, medeniýetli adamlar. Ýöne bu topbagyň içine gireniňde welin, hiç...

Dowamy »

485 18
Edebiýat, 10 months ago


EJEME...

Tebigata gyşyň demi ýaýrady,
Ýodalarda buzlar döndi düşege.
Mähribanym, ýene senden jaň geldi:
“Balam, sowuk. Ýyljak geýin, üşeme!”

Ýok, eje jan, tenim sowuk duýanok,
Egnimde palto bar, elimde ellik,
Aýagymda ýüň jorabym, ädigim.
Häzir-ä üst-başym gülala-güllük.

Ýöne, eje, kalb...

Dowamy »

335 4
Edebiýat, 10 months ago


Internetde dörän söýgi

Bilmedim, nireden girdiň dünýäme,
Tötänden tanyşdyk, tötänden duşduk.
Ýogsa, imrinmäge pursatam ýog-a,
Bary-ýogy internetde ýazyşdyk.

Soraşdyk, ideşdik, duşuşdyk soňam,
Göwnüň ýaly gözel eken keşbiňem.
Şondan bäri ak kagyza sen hakda
Goşgy bilen çekip ýörün keşde men.

Hat ýazaň...

Dowamy »

427 3
Edebiýat, 10 months ago


“Men saňa şeýle bir düşünjek boldum...”

Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.

Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan...

Dowamy »

431 13
Edebiýat, 10 months ago


AŞYKLYK

Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly...

Dowamy »

418 4
Edebiýat, 10 months ago


Ussadym

(Seýitmyrat Geldiýewe)


Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň.
Ynamyňdan yza galsam – agsasam,
Ýazygymy öteweri, ussadym.

Söýdüm adamlary, söýdüm durmuşy,
Ýetdiginden mähir berdim köp kişä.
Gussa batdym gussalyny göremde,
Has köp şatlyk berdim...

Dowamy »

418 20
Edebiýat, 10 months ago


NÄMÄLIM HYÝAL

Ne saňa ynanýan.
Ne seni söýýän.
Ne görüp gönenýän.
Ne sesiň duýýan.
Özüňem bilýänsiň, "ynam" diýlen zat
Dümede ekilen garpyz däldigin.
Ýa sende,
Ýa mende
Haýsydyr bir gün
Ynam döräýse-de, barybir ýene
"Söýgi" atly çalasudur salgymyň
Aýakýalaň, başy açyk yzyndan
Git...

Dowamy »

352 6
Edebiýat, 10 months ago


SÖÝGI...

Ynsany söýeninden ölüm aýyrsa, diri aýralygyň ajysy ondan azmyka?! Ýakynyňda bolsa-da, ýok ýaly hereket etmek, gözlerine seredip bilmän ýaşamak nähili kyn eken... Megerem, aýralyk — bogazda düwün, dodakda titreme, gözde gaýgy, el buz ýaly sowuk, ýüregiň içinde ullakan, özem ullakan bir gabyksyz ýara. Ýara aýralygyň iň ýakyn dostumyş. Emma aýralyk ý...

Dowamy »

421 6
Edebiýat, 10 months ago


Öz-özüme ultimatum

Bilýäňmi, men hemme zatdan beter nämä gynandym?
Indi saňa aýtjak sözlerimiň gury boljagy, indi seniň göwnüňi awlap biljek sözlerimiň ýokdugy — gutarandygy gynandyrdy meni...
Şol pursat meniň aýtýanlarym dogram bolsa, seniň muňa beýle garamazlygyň öz pikirlerime bolan şübhe döretdi. Çünki seni öz çyn we dogry sözlerim bilenem ynandyryp...

Dowamy »

380 8
Edebiýat, 10 months ago


AÝALLAR TÜRMESI

Ýok, bu ýere gelmedim öz meýlime,
gelmedim men keýpine,
Ýazmagam islämok bular barada.
Aýallar türmesi,
wagşylyk bile
Parala sen,
Jiger-bagrym parala.
Bagtym parala.
Parala sen, tikenekli simleriň
Paralaýşy ýaly
näzik şemaly.
Synyşyn synlaýyn näzeninleriň
Hem synlaý...

Dowamy »

429 4
Edebiýat, 10 months ago


ŞU GIJE MEN SAŇA IKILIK ETDIM...

Şu gije men saňa ikilik etdim...
Ýöne utanmadym eden işimden.
Bolşumdan
duýmadym wyždan azaby,
Çünki sensizligiň etimden geçip,
Süňküme ornaşan ajy güzaby
Jyda düşürmänkä akyl-huşumdan
Içip-içip meýin puşmansyzlygyň,
Şu gije men saňa ikilik etdim.
Bäh, ilkinji gezek seni unutdym,
...

Dowamy »

475 12
Edebiýat, 11 months ago


"Gel, günäňi geçip biljek beýikkäm..."

Bilseň, bu günleňem möwriti öter,
Eglenmez başyňda kelpeň ýaşlygyň.
Hatda, aňarsyňam, giden mahalyň
Ýaňagma syrygan tuşdyr öýdeniň —
gara ýaşdygyn.

Hawa,
Şadyhorram dünýäň mazasy gaçar,
Diskotekaň bolmaz öňki şowhuny.
Götärsiň gursakda günlerde bir gün
Öz-özüňi ýitiräýmek howpun...

Dowamy »

386 11
Edebiýat, 11 months ago


Goşgy okap bersene!

(Seýitmyrat Geldiýewe)


Ýadyma şo-ol şat çagalyk döwrümi
Salar ýaly goşgy okap bersene!
Meniň mydam mähre teşne göwnümi
Alar ýaly goşgy okap bersene!

Gürzüsin aýlanda otly ýyldyrym,
Arş elden gaçyrmyş yşky-bulguryn.
Ýagyrnysyn süýnüp barýan ýyllaryň
Çalar ýaly goşgy okap...

Dowamy »

255 2
Edebiýat, 11 months ago


KEMÇINIŇ ÖLÜMI

Ýok, dost, ýol galmady buýtar-suýtara,
Haýsymyzyň kalbyn awlamady ol?!
Haram duýgymyza meý bere-bere,
Haýsy gujaklarda galgamady ol?!

Biz perde edinip kasamdan, şertden,
Gijäni Geýnäniň şygryndan açyp,
Syndyrdyk ynama meýilli erkin,
Al bile içinden-bagryndan geçip.

Kim oýlandy,...

Dowamy »

280 1
Edebiýat, 11 months ago


Seniň ýylgyrşyň

Owadan ýylgyryaň, owadan gülýäň,
Çar ýana ýaýraýar şadyýanlygyň.
Näçe köp işlesem,
ýylgyrşyň ýatlap,
Ýadyma düşenok ýadaýanlygym.

Öýde, ýolda, işde ýa-da toýlarda
Emaý bilen ýylgyraýsaň eger-de,
Bakan göz aýdyňdyr,
göwni maýyldyr,
Gülüşiň melhemdir ýelpaýrak derde.

...

Dowamy »

363 8
Edebiýat, 11 months ago


Ilkinji täze ýyl täzeligi

Türkmenistanyň 2021-nji ýyldaky ilkinji çagasy Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda, Seýitnazarowlaryň maşgalasynda dünýä inipdir.
Ýaşy uzynja bolsun! Remezan jigimiz gerçek-goç ýigit bolup ýetişsin!

Dowamy »

432 10
Täzelikler, 11 months ago


"Lebap, hoş indi!.."

"Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş imdi!"
Seýitnazar Seýdi


Saňa ýürek sözlerimi diýeýin:
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!
Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin,
Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi!

Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik,
Ýazlap ýaýlalaň...

Dowamy »

383 11
Edebiýat, 11 months ago


Söýgi goşgusy

Ir säher "Ertiriň haýyr" diýmedim,
Hal-ahwalyň soramadym ýygydan.
Düşünýän, kän gezek igenensiňem
Bolmanyma "hyýaldaky ýigidiň".

Gujak-gujak gül bermedim iller deý,
Doglan günüň ýatdan çykdy kä pille.
Meni "şahyr" diýip söýenem bolsaň,
Şahyrlarça wasp etmedim käkilleň.

Ýöne sen...

Dowamy »

380 7
Edebiýat, 11 months ago


Ýürekdeşe

(Gülnar Geldimyradowa bagyşlaýaryn)


Ýene-de oýamyň gijäňýarymy?
Ýene-de bimaza edýärmi gussaň?
Ýene-de dört diwar gysyp-gowuryp,
Ýene-de depäňe ýakynmy asman?

Ýene bir nokady gözleriň bilen
Deşäýjek bolýaňmy?
Ýüregiň go:rmy?
Kalbyň dyrmalanyp, göwnüň döwülip,
Baş...

Dowamy »

321 2
Edebiýat, 11 months ago


"Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar..."

Bu gün maňa ýylgyraňok diýme, ýar,
Agyr degýär seniň bilen hoşlaşmak.
Dogry dälmiş ýakynlaňdan soraman,
Öz erkiňe halal söýgä baş goşmak.

Bilýän, ejeleri agladanyňdan
Çyn söýgiň ýoluny baglanyň gowy.
Erte bütin ömrüň aglap geçenden
Häzir birnäçe gün aglanyň gowy.

Käte, düşünmed...

Dowamy »

422 11
Edebiýat, 11 months ago