"Yşk ýüregimde gaýnap, ýandyrdy derdi meni..."
Magtymguly Pyragy


Aman dilän pelegim synaga saldy meni,
Öz oýnuny güjeňläp, ýolumdan aldy meni,
Bir bossanda gül saýdym, bagymdan ýoldy meni,
Däli Mežnun ýigide bir Leýli bildi meni,
Roýum mahy-taban däl, ýalňyz Aý saýdy meni.

Gözlerinde gülki bar, nerkes kibi bakyşly,
Bir säw bilen nazarym nazarynda tapyşdy,
Deminde yşkyň ody, Şibli kimin ýakyşly,
Elewreden bu ahwal görülmedik bir yşkmy?!
Otdan suwa oklaýyp, ataşa goýdy meni.

Göwnümde gül gögerip, ýat eýledi gussanam,
Gelsin soňsuz zemistan, hazan urmaz bossanym,
Bir ajap ahwal eken, duýmaz boldum hossanam,
Ýüzüm tutup gol bilen, aýtsam syrly dessanym,
Bir hoşzyban, hoş ýigit yşk oda saldy meni.


Gülnabat Hürşidowa

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir