Bagyşla, gyz...

Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.

Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.

Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,

Dowamy »

816 11
Edebiýat, 3 years ago


„Setirlem ezilse, duýgulamdandyr...“

Owadan, päkize arzuw-hyýala
Meň ýüregim üýtgemejek watandy.
Bu gün şol paşmadyk arzuwlam üçin
Öz çagalyk ýyllarymdan utandym.

Uzak menzilleriň külpeti hakda
Dek bäş ýyl owalam etmändim pikir.
Ýöne ýamanlaryň duşuşy ýaly,
Oňatlaram duşdy, Hudaýa şükür!

Şükür, ýolda ga:ldyrmady y...

Dowamy »

577 2
Edebiýat, 3 years ago


„Wah, törüme girmejegim...“

Asman indi, ýer çöwrüldi,
Göwün zar-zar uwlady, heý!
Arzuwlar ýele sowruldy,
Hijran ýeli şuwlady, heý!

Demim tükenmedi şu hal,
Ýogsa, ýeterlikdi ahwal...
Janly ölä döndüm.
Ahmal,
ömrümi gam suwlady, heý!

Many galmady ömürde,
Ýürek gamda, jan jebirde...
Aýdy...

Dowamy »

703 5
Edebiýat, 3 years ago


Ýene-de sen hakda...

Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury „at“ bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?
...

Dowamy »

623 4
Edebiýat, 3 years ago


„Şu mahal ýene-de ýadyma düşdüň...“

Indi ahmyr çekmek hebesdir, hebes!
Perwanaň hijrany boýn aldy, dünýäm.
Öýkene ýetenok azajyk nepes,
Köňül kölüm eýýäm boýlandy, dünýäm.

Ýolumyz sowamy, özümiz tersmi —
bilemok.
Bilýänim: söwdamyz şertli...
Derdimiz dermana dep boljak dertmi?!
Ah, dermansyzlygy söýlendi, dünýäm.
...

Dowamy »

735 12
Edebiýat, 3 years ago


Täze goşgular

Uçgun

Ýüregim ýanýar...
Ýalyny
gözlerime ot düşürer.
Ýylanaryn öz oduma,
Yssy şäherde üşesem.
Düşemesin hiç kim meniň
Ýoluma elwan gülleri.
Barybir, lezzeti bolmaz,
Ýatlatmaz çaga günlerim.
Gözýaşym, goý, tämizlesin,
Armanym nä, ýer päklense!
Derdiň kändir,...

Dowamy »

614 2
Edebiýat, 3 years ago


Sen diňe synla...

Sen diňe synla...
Iç-içime sygman aglaýanymy,
Kemsinýänimi, göwnümiňem synyşyn,
Ody öçürilmän galan çäýnek deý
Gaýnap-gaýnap, bar hasratyň dymyşyn...

Sen diňe synla...
Döz gelşini ejiziň,
Sensiz niçik hala ulaşanymy,
Gije, öýlän, säher ýa-da ir agşam
Gelmejegňi bilip garaşanymy....

Dowamy »

645 5
Edebiýat, 3 years ago


“Üstünlik münberinde sözi zenana beriň!”

Zenan bolup, zenan dünýäsi, zenanyň ýüreginiň täsin güýji hakynda ýazmak, bir tarapdan öz-özüňi taryplamak ýaly görünse-de, bu asla beýle däl. Eýsem, zenany zenandan gowy kim tanar?! Erkek kişiler köp babatda zenanyň diňe daşky keşbine laýyklykda baha berýärler ahyry. Ol baha bolsa, tas elmydama diýen ýaly ýalňyş netije berýär. Diýmek, durşy bilen...

Dowamy »

821 8
Edebiýat, 3 years ago


GÜNÄDEN DOLY ÝÜREKDEN ÇYKAN SÖZLER...

Eý, merhemetlileriň Merhemetlisi! Halymy Saňa beýan edýän, duýgularymy diňe Sen bilýäň. Ýene bir gezek ak ýürekden Seniň gapyňa geldik. Medet ber, eý, ähli halymy bilen Rebbim! Senden uzak bu günlerde hiç kimiň kömegi ýetmedi, ahy-nalamyzy eşidip söýgi bilen el uzadanam bolmady, diňe aýralyk bilen agladyk we hasrat bilen ýandyk. Eýýuba(a.s.) durmuş...

Dowamy »

756 10
Edebiýat, 3 years ago


ÖMRÜZAÝA...

«...Men bilýän, bu hat saňa gowuşmaz. Şonuň üçinem sen muny hiç haçan okamarsyň ― diýen ýaly umytsyz sözler bilen başlanýan ekeni. ― «Olar ýaly bolsa ýazmak nämä gerek boldy» diýip soramagyň mümkin. Dogry, ýazmanam bilerdim, ýöne uzak ýola ugramazdan öňürti içimi egisäýeýin, ýükümi ýeňledäýeýin diýdim.
Allaham, il-günem şaýatdyr, men garaşdy...

Dowamy »

793 11
Edebiýat, 3 years ago


"Bagyşla, gyz..."

Mundan artyk başaramok,
Haýyş, indi igeleme!
Goý, ýalňyşdym hasap edäý,
Duşdum diýip bigeleňe.

Bolmaz indi artyk zarym,
Ýykmaryn gyz göwüniňi.
Düşün, ertirleriň üçin
Pida edýän şu günümi.

Bir-birekden uzaklara
Öňde-soňda gitmeli biz.
Ýa-ha bile bagtsyz bolup,

Dowamy »

628 2
Edebiýat, 3 years ago


Duşuşyk

Juda giç duşuşdyk...
Barybir, duşduk.
Didelerim ogşap aldy ýüzüňi.
Tolgunmakdan sandyraýan barmagňa,
Ah, aslynda men dakjakdym ýüzügi.

Ýöne ýene şükür, solmandyr meňziň,
Gözleriňde görünenok gussa-gam.
(Hak söýginiň kanuny bar şeýleräk:
Biz söýgüde utulsagam, utsagam,
Oňa diňe b...

Dowamy »

665 1
Edebiýat, 3 years ago


ZZZZZZZZZ...!

Kimiň kim bilen dawasy bolsa, nomer alşyp-berşip, jaňlaşyp çözlüşsin-le! Jemgyýetçilik ýerinde gahrymanlyk satyp, diňe medeni derejäňizi görkezýäňiz. Kime gyzykl-aý siziň dawaňyz?! Meň özüme-hä tony bir köpük! Publika işlemäňsene erkek bolup!

Dowamy »

913 20
Sorag-jogap, 3 years ago


„Sen ýok...“

„Sen ýok.
Bir gün gadryň biliner...“
(aýdymdan)


Sen ýok — gadryň hut şu wagtdan bilinýär...
Sen ýok — günler goňras reňke boýandy.
Jübütlere hemdem bolan Aý solup,
Guşlar eýýäm öňküden giç oýandy.

Sen ýok — ses ýok, meýmiredýän hyjuw ýok,
Sen ýok — dünýä tukatlandy (eýe...

Dowamy »

596 2
Edebiýat, 3 years ago


„Bolýa...“

Bolýa,
razymy sen unudan dünýäň
Söýgüsine özge eýýe çykarna?!
Küýsemezmiň meni islän arzuwyň
Dideleňden gözýaş bolup çykanda?!
Gabanmazmyň meni özge gujaklap,
Düýşleriňe talaň salsa sähelçe?!
Içki dünýäň titremezmi gök kimin,
Arman çekip oýanmazmyň säherde?!

Unutdyňmy ýa unudan...

Dowamy »

733 12
Edebiýat, 3 years ago


Goşguçylara

Eger "goşgy" diýen söz at söz toparyna däl-de, sypatlara degişli bolan bolsady, onda köp goşgyny "goşgumtyk, goşgumtyl, goşgurak..." diýip ulansa bolardy.😊

Dowamy »

779 20
Edebiýat, 3 years ago


GÖWÜNLIK

Haýp, şat günleň geçişine sered-ä!..
Bu gün bolsa derdinmeli lukmana.
Wah, şonda-da, düşün, ýersiz-ýere kän
töhmet atyp oturma:ly ykbala.

Muny göre-göre gelýän durmuşam
Mundan beter pürkmäwersin awusyn.
Aý, nätjek-dä, ýaşaýyşyň gurluşam
Meňzemeýär ýelegine tawusyň.

Toýuň bolar...

Dowamy »

740 3
Edebiýat, 3 years ago


„Salam, kaka...“

Salam, kaka. Men Arzyman –
birwagt
arasyna siňip giden türkleriň…

„Türkmeniň düzünden üzüldiň“ diýme,
„Düzüldiň – diýmegin – hatarna durnaň.“
Bu aýralyk agyr deger ejeme,
Emma doganlarym boýnuny burman
ýaşar hem oňlar meniň gaýdanym.

(Aýdanym bilenem ýeňlemez ýüküm,
Gowu...

Dowamy »

735 2
Edebiýat, 3 years ago


Bu gije...

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

...

Dowamy »

582 1
Edebiýat, 3 years ago


"Kofäň tagamy bar posalaryňda..."

Telefony galdyrmasaň, galdyrma,
SMS ýollasam alajyň näme?!
Ýer deý aýlanýan seriňden parhlyrak,
Toý hakynda pikir gelýär kelläme.

Bolşum Kaýsa meňzeýändir, ýogsa nä,
Mämmetweliň içmegi deý kysmatym
Ýama-ýama bagt-belaga mahsusmy?!
Bir posada garrap, dargap, men dünýäň
Amanadyn ýele sow...

Dowamy »

758 6
Edebiýat, 3 years ago


Instagram üçin VPN

Instagram üçin haýsy VPN ulanýaňyz, begler?

Dowamy »

784 8
Sorag-jogap, 3 years ago


Gökdepe mukamy

Ýada salsak munda ýatan janlary,
Jan alyp, jan beren jan ýatyr munda.
Ýazyksyz ýazgarlyp, ýazgytsyz ýazlan,
Ýasy ýatlanmaýan ýan ýatyr munda.

Aýry-aýry tutup bilmen atlary,
Çohdur pälwanlary, gerçek zatlary,
At tutup, ýat ediň ruhy şatlary,
Otsuz köýük bolan kül ýatyr munda.

To...

Dowamy »

698 8
Edebiýat, 3 years ago


Öýlenýän ýigide

Eý, ýigit,
Indi herýan bakmasaň gerek,
Bagry bir ýan, çeşmi girýan,
Jany perwan otlara indi
Ýakmasaň gerek.

Ýo-ok, dakmasaň gerek
Bigäne gyzlara ak gaşly ýüzük.
Tamajyk üzük!
Sen indi öňküje tamaňy üzüp
Saklasaň gerek.

Owadan sözlerden goşgujyk düzüp,
Indi...

Dowamy »

640 1
Edebiýat, 3 years ago


"Gyşyň güni..."

Garly gyşyň aňzagyndan gabanyp,
Apalap gujagma salamda seni,
Birsalym dem-düýtsüz doňup galypdym,
Eşitjek bolup seň ýüregiň sesini.

Bir göwrä öwrülip, bir göwne dönüp,
Bir ykbaly arzuw edip şo pursat,
Durmuşyň "Bagt" atly tämiz öýüne
Giripdik kürsäp...

* * *

A:ýa...

Dowamy »

622 5
Edebiýat, 3 years ago


...Garaşdym

Günleň biri elden gaçan käse deý
Taýyp gitdiň, sabyr käsäm moý açdy.
Gör, nije ýyl «dymp» etmedik ýüregim
Edil şu gün jibir-jibir dil açdy,
…Iller ýaly diýmeseň-de: «Garaşgyn»
…Garaşdym.

Men göze ilen bir juwan gyz ahyr,
Aladadym enem bilen atama.
Guda gelse ýer tapamok girere,
...

Dowamy »

667 2
Edebiýat, 3 years ago