(Seýitmyrat Geldiýewe)


Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň.
Ynamyňdan yza galsam – agsasam,
Ýazygymy öteweri, ussadym.

Söýdüm adamlary, söýdüm durmuşy,
Ýetdiginden mähir berdim köp kişä.
Gussa batdym gussalyny göremde,
Has köp şatlyk berdim keýpi kök kişä.

Bugdaý nanym bolmasa-da, käteler
Bugdaý sözmi paýlap berdim gysganman.
Eýýäm saçlarymda akja "zer" gördüm,
(Haýran, wagt bir ýere-hä gyssanýar.)

Ynanardym dünýäň baky ýazdygna
Dertsiz çaglam – has oglantak mahalym.
Indi gyşda güýzler üçin aglaýan
Hem begenýän geljekdigne baharyň.

Kagyza egisdim bölejik derdi,
Dertlerimi aýyp görme, ussadym.
Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy,
Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň...

05.03.2014ý.

Sapa Hommadow

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir