Owadan ýylgyryaň, owadan gülýäň,
Çar ýana ýaýraýar şadyýanlygyň.
Näçe köp işlesem,
ýylgyrşyň ýatlap,
Ýadyma düşenok ýadaýanlygym.
Öýde, ýolda, işde ýa-da toýlarda
Emaý bilen ýylgyraýsaň eger-de,
Bakan göz aýdyňdyr,
göwni maýyldyr,
Gülüşiň melhemdir ýelpaýrak derde.
Saý bilen ýylgyrşyň görendir il-gün,
Owadan ýylgyrmak seniň endigiň.
Ýöne bu dünýäde söýgi sebäpli
Ýylgyrşyňy gören ýalňyz mendirin.
Seýitmyrat GELDIÝEW
Seniň ýylgyrşyň
-
Pegas
4 years ago
- Çagyr meni duşuşyga jennetde,
Şeýtan eştmez ýaly pyşyrdap adym.
Çagyr meni, bararyn men elbetde,
Çykyp gaýdan umydym bor şaýadym.
Bolanlary ýatlap sorag berme sen
hem aglama — ýene-de bir belligim.
Köp şatlyga sebäp boldy, bilmeseň,
Taňra ynam eden töwekgelligim.
Çagyr meni islän çagyň, keýpine,
Bararyn sepinip halaýan atryň.
Oýalykda görlen düýşleň seýline
Gideýin atlanyp al ganat atym.
Köp ýollary söküp, söhbet gurundym,
Köp synalan Haka diýdim: “Gorama!”
Şem deý gözleň ugrunda kän urundym,
“Sen şolary söýdüňmi?” diýp sorama.
Üfledim sen taýa, aglap üfledim
Ellerime gonan perişdeleri.
Bararyn men duşuşmaly möhledim,
Didarymy serip goýup ileri.
Köp diňledi zaryn ýelin pelegiň
Perişdeler garawullan oraçam.
Çagyr meni!
Çagyr ahyr, melegim!
Duşuşygy eýläp bir gün oraşan.
Seýitmyrat Geldiýew
-
Pegas
4 years ago
- Ýüregim tisgindi,
Oýandym. Gije.
Sen düýşüme girdiň diliň aýnadyp.
Daýanyp kän ýyl öň kemsinen güýje
Dikelýän, oturýan kofe gaýnadyp.
...Nokat goýup gitdiň eşret-aýşyma,
Aglamjyrap diýip “Boldy, bes indi!”.
Göýä, toý lybasyň şyňňyrdaýşy bar
Nikel çemçäň jäje degýän sesinde.
Men özüme nesip etmedik gijäň
Haky üçin köp gijeler ýatamok.
Ah, ýöne meň üçin, bilmedim, niçün
Şol günden soň göýä güneş batanok.
Gör, näçe wagt geçdi, ýatansyň nirde,
Duýgymyň kofesi, gara bagtymdyň.
Ýatyrma gijeler düýşüme gir-de,
Sensiz ýatmak - ölüm, diri wagtymda.
Seýitmyrat Geldiýew
-
Pegas
4 years ago
- Aý dolansoň ýaşyp başlaýar
Penjireden dolan Aýyň bakmasy,
Meňem oňa şahyrlarça seretmäm...
Bu gije owadan asman sahnasy,
Kofe süzýän şekerini eretmän.
Kagyz. Galam.
Kofe. Ýürek melhemi.
Düşün, läläm, men mert bolup ýadadym.
Gel, otur gaşymda hem diňle meni!
(Aslynda nämekä meni ýadadan?!)
Barha golaýlaşýar sensiz geljegim,
Belki, şodur göwni salýan dowula.
Özüm hakda diňe diýip biljegim:
Ölmesem, başymdan bar zat sowular.
Razy menli günleň hoş geçen bolsa,
Kim ömür sürüpdir perişde bolup!
Geçenleri ýatlamaga çen bolsa,
„Hoş!“ diýip, bulaýyn gujaklan golum.
Biz solar öýtmändik arzuwlaň reňki,
Söýgi üçin köp zatlara taýyndyk.
Arzuw-hyýallaram däl indi öňki,
Olaň ýerin tutup barýar kaýyllyk.
Seýitmyrat GELDIÝEW
-
Pegas
4 years ago
- Saçlaryň agşam ýelidi,
Gabaklaryň badamdy seň.
Söýüp, dyzmaç şahyr boldum,
Aslym ýuwaş adamdy meň.
Maňa hiç zat düşündirme,
Gitseň, ümsüm ötägitgin!
Bilip hem bilmän goýberen
Säwligim az däldir, ötgün!
Hoşlaşmagyň hajaty ýok,
Sensiz göwnüm hoş bolarmy?!
Hatlarymy alýaňmy sen,
Okaýarmyň goşgularmy?!
Garym-gatym boldum sensiz,
Ruh nirede, ten nirede?!
Del gözlere dözmedigim,
Men nirede, sen nirede?!
Ýolumy sowan jemalyň,
Bilýän, dulumy bezemez.
Bir bagtly geler gaşyňa,
Gelnalyjysy bezemen.
Saçlaryň agşam ýelidi,
Gabaklaryň badamdy seň.
Saňa çenli bir oglantak,
Ýalňyşmaýan adamdym men.
Seýitmyrat GELDIÝEW
-
Jeksparro
4 years ago
- Seyitmyrat Gekdiyewing garrashyp bashlandygy gorunip dur... Galamynyng ujy yiti bolsun...
-
A93
4 years ago
- Gowy şahyr, gowy goşgular. Seýitmyrt Geldiýew bilen Kakamyrat Rejebowdan... ýene-de gowy-gowy, täze eserlere garaşýandyrys.
-
A93
4 years ago
- Seýitmyrat*
Pegas 4 years ago- Ýuwaş-ýuwaş taýyp barýaň elimden,
Men seni kem-kemden ýitirip barýan
hem ozal iň bagtly, indi infarktly
Ölemen ýüregmi göterip barýan.
Biz öýkeli,
biz — geljekki ölüler,
Ýaraşmaga ýol berenok dirilik.
Kemsinen kişiler gaharly bolýar,
Şonuň üçin bilmeris biz birigip.
07.04.2016ý.
Seýitmyrat Geldiýew