Telefony galdyrmasaň, galdyrma,
SMS ýollasam alajyň näme?!
Ýer deý aýlanýan seriňden parhlyrak,
Toý hakynda pikir gelýär kelläme.

Bolşum Kaýsa meňzeýändir, ýogsa nä,
Mämmetweliň içmegi deý kysmatym
Ýama-ýama bagt-belaga mahsusmy?!
Bir posada garrap, dargap, men dünýäň
Amanadyn ýele sowran mahlugy.

Posaň tagamy bar ýylgyryşyňda,
Sen gülmeseň, gezim edip „hümm“-leýän.
Sen gülmeseň, aglaýmagym ähtimal,
Sen gürleseň, hezil edip diňleýän.

Kofäň tagamy bar posalaryňda,
Dadan günüm dabanlarym uçgunly.
Şol gün maňa bu dünýede ýatuw ýok,
Müň çözýän men telefonyň uçgurny.

Dodagyňda uklan ýigdiň uçarman,
Nota salyp bilýär heser sesini.
Durmuş daşymyzda küşdüni depip,
Deprek edinse-de heşellesini.

Üstüne ho-ol asman düňderlen jahan
Boşatsyn başymda bela sagdagyn.
Meniň kimdigimi bir Taňry bilýär
Hem bir Mežnun biler meniň sagdygym.

Hanha, şapak şapbat ýaly gyzardy,
Tamman ýaly aşak düşdi ikindi.
Ýeriň oky dömüp hudaý tarapyn,
Çep beýnimiň kyblasynda dikildi.

Ynsan düwünçeklikden garrap başlaýar,
A biz eýýäm lakamy köp dünýäde
gowşup bilmän, ýaşap ýörüs aýratyn.
Ýogsa-da, näme üçin gowşup bilmeýäs,
Aýry arzuwly däl, däl ýa aýry din.

Sen öz lälikligňi, men däliligmi
Tersa telefona sürtmedik bolsak,
Ikibaşdan bir ýassyga ýeterdik.
Meni artyk örtäp syrymy açma,
Doglamda açylan syrym ýeterlik.


Seýitmyrat GELDIÝEW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir