Peýdasyz oýlardan gaçyp bilemok,
Öçüp bilemok men, ot bolup, dünýäm!
Men häzirem seni açyp bilemok,
Ýaşap ýörün gury „at“ bolup, dünýäm!

Göwnüm — ýykyk-ýumruk, kalbym — ýekirlen,
Aklym — azaşylan, huşum — ýitirlen.
Gözleriňi ýum-da, hany, pikirlen:
Başararmyň mensiz şat bolup, dünýäm?

Gijeler — garaňky.
Aý, bul-a geň däl!
Ýöne gündiz Günem — adaty Gün däl...
Ýaşamak şeýle kyn,
bagtdan, müň däl,
millionlarça gezek ät bolup, dünýäm!

Söýgini „B“-den däl, başlapdyk „A“-dan,
Ýa sen juda gyrpa, men çöňňe ýa-da...
Birmahal ýüregňi eýelän adam
Galybermelimi ýat bolup, dünýäm?!


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir