Indi ahmyr çekmek hebesdir, hebes!
Perwanaň hijrany boýn aldy, dünýäm.
Öýkene ýetenok azajyk nepes,
Köňül kölüm eýýäm boýlandy, dünýäm.

Ýolumyz sowamy, özümiz tersmi —
bilemok.
Bilýänim: söwdamyz şertli...
Derdimiz dermana dep boljak dertmi?!
Ah, dermansyzlygy söýlendi, dünýäm.

Ýene-de nijeme ahmyr bar içde,
Hemmesem gam bilen gowruldy, bişdi.
Şu mahal ýene-de ýadyma düşdüň...
Aýralygyň toýy toýlandy, dünýäm.

Kalba damja bilen siňýäň ýagyşda,
Ýüregmiň agysy „diňýär“ ýagyşda...
Bolmady.
Ölmedim.
Ýöne bagyşla:
Aşygyň bir zyba öýlendi, dünýäm...


Sapa HOMMADOW

Edebiýat, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir