Eý, ýigit,
Indi herýan bakmasaň gerek,
Bagry bir ýan, çeşmi girýan,
Jany perwan otlara indi
Ýakmasaň gerek.

Ýo-ok, dakmasaň gerek
Bigäne gyzlara ak gaşly ýüzük.
Tamajyk üzük!
Sen indi öňküje tamaňy üzüp
Saklasaň gerek.

Owadan sözlerden goşgujyk düzüp,
Indi pyşyrdapjyk aýtmasaň gerek.
Säherler jennetden gözleriň süzüp
Gaýtmasaň gerek.

Eý, ýigit, heý-heý, ýigit!
Işler-ä biter, ýigit.
Oňa derek eliňden
Jylawyň gider, ýigit.

Weý, ýigit, weý-weý, ýigit!
Ner ýigit, eý, ter ýigit!
Ýaşlygyň öter, ýigit.
Gözleriňi mölertme,
Oýnumy göter, ýigit!

08.11.2008ý.


Laçyn PÜRJÄÝEWA

Edebiýat, Pegas tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir