Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we ýöriteleşdirilen okuw jaýlarynyň mugallymlaryndan hem-de ýolbaşçylaryndan ybarat wekiliýet Amerika Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrýar. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, wekiliýetiň düzüminde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, pedagogik we lukmançylyk ugurly orta hünär okuw jaýlarynyň wekilleri bar. Saparyň esasy maksady — Türkmenistanyň we ABŞ-nyň okuw mekdepleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmekdir. Wekiliýet taraplaryň özara düşünişmek baradaky Ähtnamalaryna gol çekmegi, talyp we mugallym alyşmalarynyň netijeli mehanizmlerini kesgitlemegi, bilim, ylym we tehnologiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi ara alyp maslahatlaşmagy göz öňünde tutýar. Saparyň ilkinji tapgyrynda Wyoming ştatyndaky Northwest College okuw mekdebinde saparda bolup geçdi. Bu ýerde türkmen wekiliýetiniň agzalary okuw binýady bilen tanyşdylar, professor-mugallymlar hem-de ýolbaşçylar bilen duşuşdylar. Mundan başga-da, wekiliýetiň saparynyň dowamynda şu ýokary okuw mekdeplerine baryp görmek meýilleşdirilýär: Montana State University Billings (Billiňs), University of Montana (Missoula), Montana State University (Bozeman), University of Wyoming (Laramie), şeýle-de Waşington şäherindäki birnäçe duşuşyklar, olar onlaýn okuw, tehnologik diplomatiýa we döwrebap bilim maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine bagyşlanar. Saparyň çägindäki çäreleriň ählisi anyk we ölçenip boljak netijelere gönükdirilen takyk hyzmatdaşlyk esaslarynda alnyp barylýar. Her duşuşyk we pikir alyşma — öňünden taýýarlanan, durmuşa ornaşdyryp boljak teklipler bilen utgaşdyrylýar. Duşuşyklarda ara alnyp maslahatlaşylýan temalar giň ugurlary öz içine alýar: iňlis dili we pedagogika, ekologiýa we suw howpsuzlygy, ykdysadyýet we saglygy goraýyş, inženerçilik we agro-tehnologiýalar, maglumat tehnologiýalary we sanly endikler boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ileri tutulýar.