20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Indoneziýayň daşary işler ministri Sugiononyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, ministrler şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna we Halkara bitaraplyk gününe bagyşlanjak Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň we Indoneziýanyň arasynda halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki köpýyllyk we netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmeginiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Milletler Bileleşiginiň çäklerinde umumy işleri amal etmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanyň we Indoneziýanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde mümkin bolan ähli tagallalary etmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir