20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherine resmi sapary başlandy. Bu barada milli Parlamentiň metbugat gullugy habar berýär. "Saparyň maksady ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýörelgeleri esasynda alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary halkara jemgyýetçiligine ýetirmek, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmak bolup durýar" - diýlip habarda aýdylýar. Saparyň çäklerinde iki ýurduň kanunçykaryjy edaralarynyň arasynda gatnaşyklary berkitmäge we dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen duşuşyklar meýilleşdirildi.