Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabudan ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi. Türkmenistanyň daşary işler ministri ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlap, oňa işinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşykda halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Hindistanyň Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk syýasatyna hem-de onuň parahatçylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän halkara başlangyçlaryna yzygiderli goldaw berýändigi bellenildi. Mundan başga-da, diplomatlar medeniýet we bilim ugurlarynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, ony mundan beýläk-de ösdürilmek boýuça pikir alyşdylar. Ilçi Bandaru Wilsonbabu türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir