22-nji oktýabrda Hindistanyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bandaru Wilsonbabu Prezident Serdar Berdimuhamedowa ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär. Diplomat Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Serdar Berdimuhamedow Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, özara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, ilkinji nobatda, energetika we ulag pudaklarynda hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär. Medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegidir. Hormatly Prezidentimiz hindi dilini öwrenmäge gyzyklanma bildirýän ýaşlarymyzyň sanynyň barha artýandygyny, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde hindi diliniň okadylýandygyny aýdyp, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýändigini nygtady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir