20-nji oktýabrda Türkmenistanyň wise-premýeri, Daşary işler ministri Raşid Meredow Kataryň Premýer-ministri, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň barşynda taraplar iki döwletiň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler. Şeýle-de, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň guramaçylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary derejesindäki özara gatnaşyklary dowam etdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir