Türkmenistan Belgiýada geçiriljek durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumyna gatnaşar
2024-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde Ýewropa bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag arabaglanyşygy boýunça “Global Gateway” maýa goýum forumy geçiriler. Foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşar.
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunik...
Ýanwar aýynyň ahyrynda Aşgabatda Türkmen-russiýa işewürler forumy geçiriler
30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.
ORIENT agentliginiň bellemegine görä, ikinji türkmen-rus işewürlik forumy iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda yzygiderli gepleşikleri geçirmegi maksat...
Türkmenistanda polat turbalary öndürjek täze kärhana dörediler
Wise-premýer B.Annamämmedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde döwlet Baştutanyna dürli ölçegdäki polat turbalary öndürjek täze, döwrebap bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça işleriň geçirilýändigi barada aýdyp, degişli teklip beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň tabşyryklaryna laýyklykda, daşary ýurtlardan getirilýän hary...
Obama karýerasynda ikinji gezek Emmy telewizion baýragyna mynasyp boldy
ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obama karýerasynda ikinji gezek Emmy telewizion baýragyny aldy. Emin agzalary Obamany “görnükli kyssaçy” diýip bellemek bilen oňa baýragy Netflix-iň Working: What We Do All Day (Iş: Biz tutuş günläp näme edýäris) atly dokumental programmasy üçin gowşurdy diýip, baýragyň web sahypasyna salgylanýan RBK habar berýär.
ABŞ-da Togg T10F türk elektrik awtoulagynyň täze modeliniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Türkiýe Las-Wegasda geçirilen iň uly CES 2024 tehnologiýa sergisinde Togg T10F milli elektrik awtoulagynyň täze modelini hödürledi. Anadolu gullugynyň habaryna görä, elektrik sedany 350 we 600 km energiýa ätiýaçlyklary bilen öndürmek meýilleşdirilýär.
TOGG önümçilik kompaniýasynyň başlygy Gýurjan Karakaş tanyşdyryş dabarasynda T10F-iň ilki...
Volkswagen 2023-nji ýylda 5 milliona golaý awtoulag satdy
Volkswagen kompaniýasy geçen ýyl, takmynan, 4,87 million awtoulag satyp, 2022-nji ýyldakysyndan 6,7 göterim köpelmek bilen, ähli sebitlerde ösüş gazandy. IXBT.com bu barada habar berýär.
2023-nji ýylda Volkswagen krossowerleriniň we awtoulag ulaglarynyň satuwy umumy mukdaryň 54,2 göterimini düzüp, 2022-nji ýyldakydan 14,9 göterim artdy. Amer...
BMW öz awtoulaglaryny giňeldilen hakykat äýnegini geýip sürmegi teklip edýär
BMW Las-Wegasdaky CES sergisinde kompaniýanyň geljekki önümçilik awtoulaglaryna ornaşdyryljak birnäçe täzelikleri görkezdi diýip habar beripdik. Olaryň arasynda ulag sürende geýilýän giňeldilen hakykat äýnekleri hem bar diýip, auto.ru habar berýär.
Nemes awtoulag öndürijisi köp ýyllardan bäri giňeldilen hakykat enjamlaryny we awtoulag sürmek...
Amerikaly ýaşaýjy satyjynyň maslahatyny diňläp 2 mln dollaryň eýesi boldy
ABŞ-nyň ýaşaýjysy satyjynyň maslahaty bilen utuşly bolup çykan lotereýa petegini satyn alyp, 2 mln dollaryň eýesi boldy. Bu barada Channel 6 habar berýär.
Şeýlelikde, azyk önümleri dükanyndaky satyjy Miçigan ştatynyň Gladston şäherinden 30 ýaşly aýala täze Cash Multiplier lotereýasynyň petegini satyn almagy teklip etdi. Onuň baş baýragy 2 ml...
Kanada adamyň ýüzünden keselini kesgitläp bilýän "aýna" döretdi
Kanadanyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän «NuraLogix» kompaniýasy «CES 2024» sergisinde adamyň ýüzüni, deriniň aşagyndaky käbir gan damarlaryny gözden geçirip, alnan maglumatlaryň esasynda onlarça keseliň alamatlaryny kesgitleýän «Anura MagicMirror» atly «jadyly aýnasyny» tanyşdyrdy.
«Anura MagicMirror» 21,5 dýuým ekrany bolan, kameralar we...
Hytaýda robotlar bilen işleýän dünýäniň iň beýik gök önüm fermasy açyldy
Hytaýly alymlar dünýäniň iň beýik dik gök önüm fermasyny döretdiler.
Ferma Hytaýyň Siçuan welaýatynda guruldy we ol 20 gatly jaýyň beýikligindäki binadyr. Taslamanyň esasy aýratynlygy – häzirki zaman ýyladyşhana hyzmat edýän awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň we robotlaryň peýdalanylmagydyr.
Bu taslamanyň işlenip düzülmegi netijesinde ýurdu...
Hytaýly alymlar garramagy haýalladýan mehanizm döretdiler
Hytaýly alymlar garramagy haýalladyp bilýän mehanizm döretdiler. Oýlap tapyjylar nanotehnologiýa arkaly karkas implantyny döretdiler. Onuň maksady adam bedenini wodorod bilen üpjün etmekden ybaratdyr.
Bu madda garrylygyň dürli görnüşlerine: ýatkeşligiň ýaramazlaşmagyna, myşsa massasynyň azalmagyna garşy göreşmek üçin niýetlenendir.
Şe...
Google Pixel 7a 2023-nji ýylda iň gowy kameraly smartfon diýlip atlandyryldy
Meşhur bloger Mark Braunli «Google Pixel 7a-ny» 2023-nji ýylda bazardaky iň gowy kameraly smartfon diýip atlandyrdy. Ol muny özüniň «YouTube» kanalyndaky wideoda belledi.
Synaglarda bloger dört topara bölünen 20 sany smartfon ulandy. Soňra awtor ses berişlik üçin ýörite sahypa döretdi, onda ulanyjylar alnan iň gowy suratlary saýladylar, emma...
Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalyp biler
Futbol boýunça Italiýanyň çempionatynda çykyş edýän toparlaryň sany 20-den 18-e çenli azalmagy mümkin diýip, RAI Nowosti «La Gazzetta dello Sport» neşirine salgylanyp habar berýär.
Neşir Seriýa A-daky öňdebaryjy futbol toparlarynyň özgertmeleriň geçirilmeginiň tarapdarydygyny belleýär. Çünki indiki ýyldan Çempionlar ligasynyň we Klublaryň ar...
MLS-iň oýny Messi üçin has uly stadiona geçirildi
Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) kluby «Sporting Kanzas-Siti» öz meýdançasynda «Inter Maýami» bilen geçirjek duşuşygyny myhmanlaryň argentinaly Lionel Messiniň meşhurlygy sebäpli başga bir stadiona geçirdi. Bu barada «Kanzas-Sitiniň» resmi web sahypasynda habar berilýär.
«Sporting Kanzas-Siti» bilen «Inter Maýami» toparlary...
Sony we Honda emeli aň funksiýalary bolan «Afeela» atly täze elektrokary görkezdiler
Ýaponiýanyň tehnologiýa ägirdi «Sony» we awtoulag öndürijisi «Honda» kompaniýalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde gurlan «Afeela» atly elektrikli sedany tanyşdyrdylar. Tanyşdyryş çäresi Las-Wegasda her ýyl geçirilýän «CES 2024» atly halkara hojalyk elektronika enjamlarynyň sergisinde geçirildi.
Tanyşdyryş çäresiniň dowamynda «Sony Honda...
Kazyýet Apple kompaniýasyny iPhone-yň işleýşini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara $500 mln tölemäge borçlandyrdy
Apple amerikan kompaniýasy öz gurluşlarynyň işini bilkastlaýyn haýalladandygy üçin ABŞ-daky ulanyjylara kompensasiýa hökmünde 500 mln dollar tölär. Bu barada The Messenger portalyna salgylanyp, TASS habar berýär.
HBS ABŞ-nyň kazyýetiniň kupertinoly kompaniýany käbir iPhone modelleriniň işini bilkastlaýyn haýallatmakda aýyplaýan toparlaýyn şi...
"Barselonanyň" we Ispaniýanyň öňki goragçysy Pike tälimçilik karýerasyna başlar
«Barselonanyň» we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki goragçysy Žerar Pike ýakyn wagtda tälimçi hökmünde futbola gaýdyp geljekdigini aýtdy.
«Täze ýyl ýetip geldi we men içgin oýlananymdan soň, futbola dolanmak kararyna geldim. Men ony örän küýseýärin. Bu gezek oýunçy däl-de, tälimçi bolaryn. Hepdäniň ahyrynda anyk maglumatlary paýlaşaryn» di...
Red Bull 2024-nji ýylda ilkinji giperkaryny görkezer
Red Bull topary ilkinji giperkarynyň öndüriljek möhletini üýtgetdi. Awtoulagyň ilkinji gezek görkeziljek senesi bir ýyl öňe süýşdi, ýagny ol şu ýyl eýýäm görkeziler diýip, Red Bull Advanced Technologies bölüminiň başlygy Kristian Horner Sky Sports-a beren interwýusynda aýdandygyny auto.ru habar berýär.
Işläp taýýarlanyş prosesinde giperkary...
BMW 2023-nji ýylda 2,56 mln awtomobil satdy – bu rekord
Germaniýanyň Bayerische Motoren Werke AG awtoöndürijisi 2023-nji ýylda rekord 2,56 mln awtomobil satdy. Kompaniýanyň metbugat-relizinde habar berlişi ýaly, ýylyň dowamynda üpjünçilik 6,5% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, dördünji çärýekde ösüş 10% - 718,8 müň awtoulaga barabar boldy.
2023-nji ýylda BMW brendiniň awtoulaglarynyň satuwy 7,3%...
Filosofiýany ara alyp maslahatlaşyp biljek neýroulgam döredildi
Immanuil Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň (BFU) hünärmenleri filosofiýa degişli temalar boýunça gürrüňdeşlik geçirmäge ukyply neýro ulgamyny döretdiler. TASS bu barada rus uniwersitetiniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
“Kant-bot” diýip atlandyrylýan bu neýro ulgamy uly dil modeliniň esasynda işleýär. Hatda, ol neme...