“Melgun Prada geýýär 2” filmi resmi taýdan surata düşürilip başlandy. Filmde öz keşplerine Meril Strip, Enn Heteueý, Emili Blant we Stenli Tuççi gaýdyp geldi. Şeýle-de, olaryň hataryna Kennet Brana goşuldy, ol Miranda Pristliniň adamsynyň keşbini ýerine ýetirer. “Melgun Prada geýýär” filmi režissýor Dewid Frenkeliň Loren Waýsbergeriň adybir kitabyna esaslanýan komediýa dramasy bolup, iň abraýly moda žurnallarynyň birinde işe başlaýan gyz barada gürrüň berýär. Film tankytçylar we tomaşaçylar tarapyndan oňyn garşylandy. Filmiň dowamynyň sýužeti boýunça, henizem “Podium” žurnalynyň ýolbaşçysy wezipesini eýeleýän Miranda Pristli metbugat pudagyndaky çökgünlik bilen göreşer. Pristliniň öňki kömekçisi Emili indi žurnalda mahabatlandyrylýan kaşaň brendleriň kompaniýasynda ýolbaşçy bolup işleýär. Enn Heteueýiň ýerine ýetirmeginde Endiniň hereketleri barada maglumat berilmeýär. “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ssenariçileri hökmünde Dewid Frenkel we Elin Broş çykyş eder. Prodýuser Karen Rozenfelt bolar. Film 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda daşary ýurt prokatyna çykar.