Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar. Oýun Atlantada geçirildi. Nemes toparyndan Seru Girassi (14-nji we 24-nji minutlar), meksikalylardan Herman Berterame (48-nji minut) gol girizdi. Çärýek finalyň garşydaş toparlary şeýle görnüşde: Setka 1 ·5-nji iýul, 00:00 (Aşgabat wagty): “Fluminense” (Braziliýa) – “Al-Hilýal” (Saud Arabystany) ·5-nji iýul, 06:00: “Palmeýras” (Braziliýa) – “Çelsi” (Angliýa) Bu oýunlaryň ýeňijileri 9-njy iýula geçilýän gije 00:00-da ýarym finalda duşuşar. Setka 2 ·5-nji iýul, 21:00: “Pari Sen-Žermen” (Fransiýa) – “Bawariýa” (Germaniýa) ·6-njy iýul, 01:00: “Real” (Ispaniýa) – “Borussiýa” (Germaniýa) Bu oýunlaryň ýeňijileri 10-njy iýula geçilýän gije 00:00-da ýarym finalda duşuşar. Klublaýyn dünýä çempionaty ABŞ-da 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda geçirilýär. Ýaryşa ilkinji gezek 32 topar gatnaşýar. Baýrak gaznasy 1 mlrd dollara barabar bolup, ýeňiji 125 mln dollar gazanyp biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir