Lexus kompaniýasy elektromobil önümçiligi boýunça Hytaýdaky ilkinji zawodynyň gurluşygyna başlady. Kärhana Şanhaý şäheriniň golaýynda ýerleşer we ilkinji awtoulaglar konweýerden 2027-nji ýylda çykyp başlar diýip, CarNewsChina neşiri habar berýär. Lexus Tesla-dan soň Hytaýda ýerli hyzmatdaşsyz we dolulygyna özbaşdak zawod açýan ikinji daşary ýurtly awtoulag öndürijisi bolar. Şanhaý häkimiýeti bilen strategik ylalaşyga gol çekişmekden gurluşyk işleri başlanýança bary-ýogy iki aý geçdi. Neşiriň bellemegine görä, bu şeýle iri taslamalaryň iň çalt durmuşa geçirilenleriniň biridir. Şeýle-de bolsa, Tesla öz zawodyny has çalt gurupdy. Lexus-yň täze zawody, takmynan, 1,13 mln kwadrat metr meýdany eýelär, Tesla-nyň gigafabrigi bolsa 860 müň kwadrat metr meýdany tutýar. Gurluşygy 2026-njy ýylyň awgustynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Şondan soň enjamlar ornaşdyrylyp, işe taýýar ediler. Zawodyň ýyllyk kuwwaty 100 müň awtoulag bolar. Hytaý bazary üçin haýsy modelleriň ýygnaljakdygy entek mälim edilmedi. Täze zawodyň ilkinji elektrikli awtoulagy hökmünde sekizinji nesil Lexus ES modeliniň çykarylmagy mümkin. Bu modeliň köpçülikleýin önümçilige çenli wersiýasy ozal Şanhaý awtosergisinde görkezilipdi we onuň hereketlendiriji toplumynda birnäçe elektrikli güýç ulgamy bardy.