Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin. Men kakamyň işini dowam etdirmek bilen, Ştiriýada we “Red Bull Ringde” awtosportuň baý taryhyny gorap saklaýandygyma buýsanýaryn. Awstriýanyň Formula-1 bilen ýakyn arabaglanyşygy uzak möhletli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirmegimiz üçin örän gowy esas hasaplanýar. Bile işleşmek bilen biz üstünligiň bu taryhyny köp ýyllap dowam etdirmegi niýet edinýäris” diýip, Formula-1-iň metbugat gullugy “Red Bull” kompaniýasynyň eýesi Mark Mateşisiň sözlerini getirýär. Awstriýa tapgyry “Patyşalyk ýaryşlarynyň” senenamasynda eýýäm 37 gezek peýda boldy. Ýeňişler boýunça rekord eýesi Formula-1-iň dört gezek çempiony bolan "Red Bull" toparyndan Maks Werstappen (4 tapgyrda ýeňiş gazandy).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 23 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir