Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş alymlary Malaýziýada geçirilen “Borneo Halkara innowasiýa we döredijilikli pikir bäsleşigine” (BIICC 2025) gatnaşyp, ýokary sylaglara mynasyp boldular. Bäsleşik 2025-nji ýylyň 26-30-njy iýun aralygynda Sarawak ştatynyň Kuçiň şäherinde geçirildi. Bäsleşik jemgyýetçilik ylymlary, ýaşaýyş ylymlary, daşky gurşawy goramak ylmy, fizika, matematika, inženerçilik, kompýuter ylmylary, öwrenmegiň we okatmagyň usullary, emeli aň, amaly ylymlar ýaly ugurlar boýunça ýaş oýlap tapyjylaryň we ylym-bilim işgärleriň arasynda geçirildi. Foruma Türkmenistandan başga-da Malaýziýa, Bangladeş, Hindistan, Filippinler, Tailand, Müsür, Birleşen Arap Emirlikleri, Indoneziýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, El Salwador, Gazagystan we Wýetnam ýaly dünýäniň birnäçe döwletlerinden 1460 sany ylmy taslama işleri bilen 4510 sany ýaş oýlap tapyjylar, innowatorlar we ylym-bilim işgärleri gatnaşdy. Bu forum iň köp gatnaşyjyly halkara STEM çäresi hökmünde “The Malaysia book of records” (Malaýziýanyň rekordlar kitaby) tarapyndan hasaba alyndy. Forumda ýurdumyzyň adyndan Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygynda şol uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow we Tumar Orpaýewa üstünlikli çykyş etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir