Google emeli aňy ulanyp, suratlardaky eşikleri wirtual geýip görmäge niýetlenip döredilen Doppl atly synag programmasyny hödürledi. Ol häzirki wagtda diňe ABŞ-da iOS we Android enjamlarynda elýeterlidir diýip, TechCrunch habar berýär. Doppl-y ulanmak üçin ör boýuňa dik duran suratyňy ýüklemeli. Ulanyjy soňra suratlardan eşik saýlap biler - bular onlaýn dükanlaryň suratlary, ekran suratlary ýa-da beýleki adamlaryň egnindäki eşikleriň suratlary bolup biler. Programma saýlanan eşiklerde ulanyjynyň wizual görnüşini döredýär, şeýle hem eşigiň hereketdekäň nähili görünjekdigini görkezmek üçin AI ulanyp statiki şekilleri gysga wideolara öwrüp biler. Kompaniýa Doppl-yň ozal wirtual geýip görmek funksiýasyny hödürlän Google Shopping hyzmatynyň tehnologiýasyna esaslanýandygyny aýtdy. Google-yň pikiriçe, özbaşdak programma bu funksiýa girişi aňsatlaşdyrýar we prosesi has interaktiwleşdirýär, ulanyjylara öz stilini gyzykly görnüşde öwrenmäge mümkinçilik berýär. "Doppl size öz stiliňizi täze we tolgundyryjy usullar bilen öwrenmäge kömek eder diýip umyt edýäris. Google Labs synagynda Doppl ösüşiniň başlangyç tapgyrynda we ähli zady dogry edip bilmez. Geýimleriň eginde oturyşy, daşky görnüşi, geýimleriň bölekleri hemişe takyk bolup bilmez " – diýip, Google öz blogunda belleýär. Doppl-yň ABŞ-nyň daşyna satuwa çykaryljagy-çykarylmajagy we munuň nä wagt bolup biljekdigi entek belli däl.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 22 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir