Nissan kompaniýasy e-Power gibrid ulgamynyň üçünji neslini hödürledi. Täze ulgam ilki bilen Ýewropa bazary üçin niýetlenen Qashqai krossowerine ornaşdyrylar. Modeliň önümçiligine Sanderlanddäki (Beýik Britaniýa) zawodda eýýämden başlandy, satuwlary bolsa sentýabr aýyna meýilleşdirilýär. e-Power ulgamy öňküsi ýaly yzly-yzyna işleýän gibridligine galýar, ýagny içinden ýandyrylýan hereketlendiriji (IÝH) diňe elektrik energiýasyny öndürmek üçin ulanylýar. IÝH täzelendi: öňki 1,5 litrlik VC-Turbo hereketdirijiniň deregine, şol bir göwrümli, ýöne has tygşytly täze benzinli hereketlendiriji ulanylýar. Täze hereketlendiriji ulaldylan turbokompressor bilen enjamlaşdyrylyp, onuň termiki netijeliligi 42%-e ýetýär. Ýangyjyň ortaça sarp edilişi her 100 kilometrde 4,5 litre barabardyr. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, bu görkeziji C-segment krossowerleriň arasynda iň gowy netije hasaplanylýar. Täze ulgam netijeliligi öňki nesile garanyňda 16% ýokarlandyrýar, CO₂ zyňyndylaryny bolsa 12% peseldýär –112 gram/km çenli. WLTP aýlawyna görä, doly bak bilen ulag 1200 km-e çenli aralygy geçip bilýär, iş ýüzünde bolsa 1000 km-den gowrak ýol geçmäge ukyplydyr. Täze benzinli hereketlendiriji has sessiz işleýär: salondaky sesiň derejesi 5,6 dB azaldy. Hyzmat aralygy 15 müň km-den 20 müň km-e çenli artdy. Öňdäki tigirleri herekete getirýän elektrohereketlendiriji indi 205 at güýjüni (+15 at güýji) öndürýär. Ol generator, inwertor we reduktor bilen bir bloga birleşdirilen. Batareýanyň sygymy öňküligine galdy – 2,1 kWt·sag. Qashqai modeliniň doly täzelenen görnüşi (restaýling) 2024-nji ýylyň ýazynda tanyşdyryldy. Ýewropadan soň täze e-Power 3.0 ulgamy beýleki bazarlarda hem peýda bolar: ABŞ-da täze Rogue modelinde, Ýaponiýada bolsa Elgrand miniweninde ulanylar.