Şanhaýyň işewürlik merkezinde The Louis ady bilen Louis Vuitton-yň binasy açyldy. Ol kruiz gämisiniň şekilinde gurlup, şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň gapdalynda ýerleşdi. Onuň içinde brendiň dükany, Le Café Louis Vuitton kafesi we Visionary Journeys sergi zaly bar. Binanyň fasady brendiň çemedanlarynyň şekilinde ýerine ýetirilip, onuň nyşanlary bilen bezeldi, ýere düşürilen kümüşsöw reňkli labyr hem LV şekilinde boldy. Şeýle etmek bilen brend öz taryhy köklerini görkezýär – kompaniýa öz ýoluna deňiz syýahatlary üçin çemedanlary döretmekden başlapdy. Binanyň binagärlik keşbi hem Şanhaýyň port geçmişine salgylanýar. Visionary Journeys sergisi iki gaty eýeleýär. Onuň awtory – binagär Sýoheý Şigemasu. Sergi Louis Vuitton-yň nusgawy çemedanlaryndan ýygnalan arkadan başlaýar. Ony geçenden soň, myhmanlar brendiň taryhyny görkezýän giňişlige düşýär: bu ýerde 1859-njy ýyldaky ilkinji ussahanadan başlap, häzirkizaman moda egin-eşikleri we syýahat obrazlary hödürlenýär. Sergidäki çemedanlar beýik diňler görnüşinde ýygnalan. Olar konstruksiýanyň bir bölegi bolmak bilen, heýkeller hökmünde hem kabul edilýär. Sergi fantaziýa atmosferasyny döredip, Louis Vuitton-a mahsus stili-de saklaýar.