Saud Arabystany 7 milliard dollarlyk ýokary tizlikli demir ýol taslamasyny işläp taýýarlady. Ol Gyzyl deňzi Pars aýlagy bilen birleşdirer we ýurduň iň iri şäherlerini birleşdirmegi, şeýle hem Arap ýarym adasynda ulag we söwdany döwrebaplaşdyrmagy maksat edinýär. “Guryýer köprüsi” (Land Bridge) taslamasy Jiddany Gyzyl deňizden Er-Riýadyň üsti bilen Dammam we Pars aýlagynda ýerleşýän beýleki şäherler bilen birleşdirer. Demir ýoluň uzynlygy takmynan 1500 kilometr bolar. Gurlup gutarylsa, Er-Riýad bilen Jiddanyň arasyndaky ýol awtoulag bilen takmynan 12 sagatlyk bolmagy bilen, otly bilen 4 sagada çenli gysgalar. Taslama Saud Arabystanyň demir ýol ulgamyny 5300 km-den 8000 km-e çenli giňeltmegi göz öňünde tutýar, bu ýurt üçin logistika we ulag merkezine öwrülmäge ýardam eder. Saud Arabystanynyň Demirýol kompaniýasy (SAR) King Abdullah portuny Ýanbu ýaly iri senagat şäherleri bilen baglanyşdyrjak ýük we ýolagçy stansiýalarynyň ulgamyny gurmagy meýilleşdirýär. Döwrebaplaşdyryş işleriniň çäginde SAR 15 sany täze otly sargyt etdi, olar sagatda 200 km tizlige ýetmäge ukyply bolar.