Samsung Android XR platformasynyň esasynda işleýän täze görnüşli akylly äýneklerini taýýarlap başlandygyny resmi taýdan mälim etdi. Täze enjam giňeldilen hakykat (AR) mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda, işde we güýmenjede amatly ýagdaýda ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Google Ozal I/O 2025 konferensiýasynda akylly äýnekleriň dizaýnyny döretmek üçin meşhur äýnek markalary bolan Gentle Monster we Warby Parker bilen hyzmatdaşlykda işleýändigini habar beripdi. Indi bu hyzmatdaşlyga Samsung hem goşuldy. Warby Parker – ýokary hilli we ulanmak üçin amatly äýnekleri bilen tanalýan laýfstaýl-brend. Gentle Monster bolsa modany, dizaýny we täze tehnologiýany birleşdirýän stilistik äýnekleri bilen meşhurdyr. Samsung täze akylly äýnekleriniň dizaýnynyň hem tehnikanyň, hem stil estetikasynyň birleşmegine esaslanjakdygyny belleýär. Tanyşdyrylyşda Samsung geljek äýnekleriniň içerki displeýsiz görnüşleriniň tizerini hem görkezdi. 9to5google.com-yň maglumatyna görä, ilkinji äýnekler dinamiki ses çykarýan enjamlar, mikrofon, kamera, Android XR platformasynyň akylly hyzmatlaryna birikme ýaly möhüm aýratynlyklara eýe bolar. Google platformasy şeýle äýnekler üçin terjime, nawigasiýa, habarlaşma we beýleki akylly kömekçi funksiýalary eýýäm hödürleýär. Täze enjamlar barada doly tehniki maglumatlar we çykarylyş senesi ýakyn wagtda resmi taýdan yglan ediler diýip garaşylýar.