Mercedes-Benz-iň Britaniýadaky şahamçasy YASA Group täze nesil aksial elektrik hereketlendirijisini hödürledi. Bu görnüşli hereketlendirijiler okunyň ugrunda aýlanýandygy üçin has ykjam bolýar we elektrikli awtoulaglar üçin amatly hasaplanylýar diýip, Interesting Engineering habar berýär. Agramy bary-ýogy 12,7 kg bolan täze hereketlendiriji iň ýokary ýagdaýynda 1000 at güýjüni öndürýär. Bu YASA-nyň ozalky modellerinden 40% güýçli görkezijidir. Rekord kuwwatlylyk Täze hereketlendirijiniň kuwwatlylyk dykyzlygy 59 kWt/kg, bu bolsa häzirki wagtda dünýä boýunça rekord hasaplanýar. Mysal üçin, YASA şu ýylyň iýul aýynda 13,1 kg agramly we 42 kWt/kg kuwwatlylygyň hereketlendirijisini görkezen-de, ol öňden bäsdeşlerinden ep-esli güýçli hasaplanylypdy. Täze model bolsa ondanam birnäçe basgançak ýokary boldy. Tehniki aýratynlyklar: Üznüksiz kuwwaty: 350–400 kWt (≈ 470–536 at güýji) Ýokary çägi: 750 kWt (≈ 1000+ at güýji) Kuwwatlylyk dykyzlygy: 59 kWt/kg (rekord) Hatda üznüksiz işleýän ýagdaýynda hem täze hereketlendiriji bäsdeşlerinden öňe geçýär. “Ekzotik materiallar” ýok YASA-nyň belleýşi ýaly, bu motory döretmekde gymmat bahaly ýa-da seýrek tapylýan materiallar ulanylmady. Netije: önümçilik Ýewropada elýeterli bolýar, daşary ýurtlardan gelen seýrek metallara garaşlylyk azalýar, bahalary durnukly saklamaga mümkinçilik döredilýär. Prototip eýýäm synagdan geçýär, önümçilige bolsa indiki ýylda başlamaklary mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir