Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzyň ady, şöhraty, mertebesi bu gün dünýä dolýar. Garaşsyzlyk özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlan Watanydyr! Her ýylyň tylla güýzüň ilkinji aýynda berkarar döwletimiziň Garaşsyzlyk gününi dabaraly toý-baýram edip belläp geçýär Mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň bagtyýarlygynyň gözbaşydyr. Şu günler beýik Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar ýurdumyzyň ähli künjeginde welaýatlarynda taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle-de toýlary goşadan gelýän eziz diýarymyzda 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirirdi. Ýaşulular bilen maslahat etmek ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleriň däp-dessurlaryň biridir. Türkmençilikde “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýip aýdylşy ýaly Türkmen halkynyň agzybir halkdygyndan nyşandyr. Ýaşululara sala-salmak geňeşmek Gahryman Arkadagymyzyň adyl syýasatydyr beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýen jümlelerinde arzuw eýlän zamanasynyň häzirki döwrümizde biz şaýat bolýarys. Garaşsyzlyk bu Türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biridir, ata-babalarymyz, pederlerimiziň taryhynda müňýyllyklaryň dowamynda Garaşsyz bolmak barada arzuw edip gelipdirler, şol merdana pederlerimiziň, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy ýüreklerinde ýaşap gelen arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşgünde 1991-nji ýylda hasyl boldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar eşretine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň ykbaly gülledi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan onuň döwletli ýoluny dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen bu gün ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan täze önümçilik desgalarynyň, medeniýet merkezleriniň, ylym-bilim, saglyk toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, obalaryň halkara derejesinde abadanlaşdyrylyp, döwrebap şäherleriň we obalaryň peýda bolmagy şeýle-de ençeme desgalar gurlup ulanmaga berilmegi halkymyzyň hal ýagdaýyny hasda gowlandyrmaga gönükdürilendir. Ýurt tutmak, şäher gurmak, döwlet döretmek köpri gurmak, ýol gurmak ýaly işler türkmençilikde sogaply işler hasaplanýar, bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip milli gymmatlyk hökmünde biziň ajaýyp şu günimizde mynasyp dowam etdirilýär. Bütin dünýäde adamzat ykbalynyň ýagty geljegi üçin beýik işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzda adam hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan, dünýäde ösüş arkaly parahatsöýüjülikli umumadamzat ýörelgeleri amal edýän, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky ornuny pugtalandyrmakda, dünýäniň ösen döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik tutumly işleriniň bolsa uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheri boýunça birleşmesiniň hünärmeni Ogulnar Baýramowa

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir